Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina ýesir çalşygynyň çäginde 144 esgeriň azat edilendigini aýdýar


Ukrainanyň Zaporožýe sebitiniň golaýyndaky ýolda ýesirleriň alyş-çalşygy geçirilýär. 29-njy iýun, 2022 ý.
Ukrainanyň Zaporožýe sebitiniň golaýyndaky ýolda ýesirleriň alyş-çalşygy geçirilýär. 29-njy iýun, 2022 ý.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi ýesir alyş-çalşygynyň bolandygyny, onuň çäginde 144 ukrain esgeriniň, şol sanda ýurduň günortasyndaky port şäheri Mariuplolyň Azowstal polat zawodunyň goragçylarynyň hem azat edilendigini mälim etdi.

Goranmak ministrligiň esasy aňtaw direktorartynyň 29-njy iýunda beren maglumatyna görä, bu Russiýanyň doly gerimli hüjüme geçmeginden soň amal edilen iň iri ýesir alyş-çalşygy boldy. Azat edilen 144 ýesiriň 95-i Azowstalyň goragçylarydyr. Olaryň 43-si hem ‘Azow’ polkunyň gullukçylarydyr.

Ukrain tarapy ýesir çalşygynyň haçan we nirede amala aşyrylandygyny, şeýle-de azat edilen rus ýesirleriniň sanyny aýdyňlaşdyrmady.

Ukrainanyň Donetsk regionyndaky Russiýanyň goldaýan separatistleri hem Kiýew bilen ýesir çalşygynyň bolandygyny, şeýle-de her tarapdan 144 ýesiriň azat edilendigini mälim etdiler.

Mariupoldaky Azowstal polat zawodunyň goragçylary desgany terk edeninden soň, olaryň geljekki ykbaly barada aladalar bildirilipdi.

Geçen aý käbir rus kanunçykaryjylary ‘Azow’ polkunyň agzalarynyň çalşylmaly däldigi barada pikirleri orta atypdylar. Russiýa bu polky neo-nasistiki gurluş hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG