Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski “Amnesty International” guramasynyň hasabatyny "ahlaksyzlykda" aýyplady


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski adam hukuklaryny goraýan "Amnesty International" guramasynyň bir gün öň çap edilen hasabatynda aýdylan tankydy bellikleri jogapkärçiligiň Russiýadan Ukraina geçirilmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Hasabatda ukrain goşunynyň ýaşaýyş etraplarynda ýarag ýerleşdirip, parahat ilata howp salýandygy aýdylýar.

Zelenski hasabatyň awtorlaryny terrorçy döwletiň günäsini ýuwmarlamak we jogapkärçiligi agressordan aýryp, pidanyň üstüne ýüklemek synanyşygynda aýyplady.

Onuň sözlerine görä, ruslaryň Ukraina garşy uran zarbalarynyň aklanmagy üçin hatda hyýaly şert hem ýok we bolup-da bilmez. Zelenski adam hukuklaryny goraýjylaryň hasabatyny "ahlaksyzlygyň mysaly" diýip atlandyrdy.

Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar ukrain goşunynyň şäherleri we obalary berkidýändigini we goraýandygyny aýtdy.

"Käbirleriniň bize maslahat berşi ýaly, biz rus duşmanlarymyza meýdanda garaşsak, russiýalylar biziň ähli öý-jaýlarymyzy basyp alar” diýip, ol aýtdy.

Halkara Günä geçiş guramasynyň başlygy Agnes Kalamar bu tankytlaryň “Amnesty International” guramasynyň "bitaraplygyny gowşatmajakdygyny" we "faktlary üýtgetmejekdigini" aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG