Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew Gündogar hüjüminiň 'depginini', durnuklaşdyryş tagallalaryny güýçlendirýär


Ukrainanyň Russiýanyň Gara deňiz flotunyň baş edarasyna we howa menziline garşy "uzak aralykdan zarba urmak ukyby” Moskwany bu sebitdäki suwasty gämileriniň ýerini üýtgetmäge mejbur etdi.

Ukrain resmileri ýaňy-ýakynda yzyna alnan gündogar territoriýany gyssagly durnuklaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny yglan etdiler we Moskwanyň başlan çozuşynyň ýedi aýa golaýlamagy bilen, Russiýanyň "Ukrain topragynda hiç bir orun" almagyna ýol bermezlik üçin çalt üstünlik gazanmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Soňky hepdelerde rus güýçleriniň basyp alan ýerlerini, hususan-da Harkowyň gündogaryndaky sebitleri terk etmegi bilen gazanylan üstünlikler, Kiýewiň öz goranyşyny güýçlendirmek üçin has kän günbatar ýaragyny almaga çalyşmagy bilen, ukrain goşunlaryny uzak wagt bäri Russiýa tarapyndan goldanýan separatistleriň gözegçiliginde galýan sebitlere, Donbas diýilýän ýeriň golaýyna getirdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 19-njy sentýabrda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde Kiýewiň Harkow sebitindäki güýçleriniň "ýagdaýy durnuklaşdyrýandyklaryny” we “eýelenen ýerleri berk elde saklaýandyklaryny ... netijede basybalyjylaryň dowla düşýändigini" aýtdy.

"Biz indi basybalyjylaryň ukrain topragynda hiç bir orun almajakdygyna ynanýarys" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Häzirki wagtdaky depgin... azat edilen sebitlerdäki durnuklaşdyryş, ... goşunlarymyzyň hereketi, ... we azat edilen ýerlerde kadaly durmuş şertlerini dikeltmek üçin gaty möhüm" diýip, Zelenski sebitde howanyň sowamagy bilen, ýaşaýjylaryň iň esasy zerurlyklary baradaky aladalaryň saklanyp galýan wagtynda aýtdy.

Zelenski geçen hepde Harkow sebitinde azat edilen 150,000 töweregi ukrainalynyň bäş aýlap rus basyp alyşlygy astynda ýaşamaly bolandygyny aýtdy.

Premýer-ministriň orunbasary, yzyna alnan ýerleri gaýtadan birleşdirmek wezipesini ýerine ýetirýän Irina Wereşçuk 19-njy sentýabr güni giçlik häkimiýetleriň Harkow sebitindäki ýaşaýjylara kömek etmek üçin ownuk nagt pul tölegleriniň synag meýilnamasyna başlandygyny aýtdy.

Ol her bir adamyň $33 ekwiwalentindäki serişde aljakdygyny aýtdy we Halkara Gyzyl Haç guramasyna bu taslama beren maliýe goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Zelenski derňewçileriň Harkow sebitiniň esasy şäheriniň, Izýumyň golaýynda jaýlanan ukrain esgerleriniň jesetleriniň arasynda täze gynag subutnamalaryny tapandygyny aýtdy.

Izýumyň töweregindäki sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleh Sinýehubow 19-njy sentýabrda köpçülikleýin mazarçylykda jaýlanan 146 jesediň köpüsiniň parahat ilata degişli bolup çykandygyny, "ölenleriň käbiriniň jesedinde zorlukly ölüm alamatlarynyň bardygyny” aýtdy. “Ol ýerden elleri daňylgy halda jaýlanan, bedenlerinde gynag yzy galan jesetler tapyldy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kreml rus güýçleriniň ol ýerde uruş jenaýatlaryny edendigi baradaky aýyplamalary “ýalan” diýip, ret etdi.

Zelenski 19-njy sentýabrda Kupýansk ýerli dolandyryş merkeziniň hem rus güýçlerinden yzyna alnandygyny aýtdy.

Şu aralykda, Ukrainanyň gündogardaky hüjümlerine ynama ynam goşup, Luhansk sebitiniň gubernatory Serhiý Haýdaý ukrain güýçleriniň Bilohoriwka obasyny ele geçirendigini we tutuş sebiti yzyna almaga taýýarlanýandygyny aýtdy.

Bilohoriwka Lisiçansk şäherinden bary-ýogy 10 km uzaklykda, rus goşunlarynyň iýul aýynda birnäçe hepde dowam eden gazaply söweşlerden soň eýelän ýeriniň golaýynda ýerleşýär.

Ukrainanyň baş ştaby 20-nji sentýabrda ukrainlere Russiýanyň howa we raketa hüjümlerinden abanýan howp-hatarlar barada duýduryş berdi we ukrain güýçleriniň Maýorsk, Wesele, Kurdýumiwka we Nowomikaýliwkadaky rus müňzemelerini yzyna serpikdirendigini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy gyzgyn söweş meýdanyndan berilýän maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.

Britaniýanyň harby aňtaw gullugynyň 20-nji sentýabrdaky synynda aýdylmagyna görä, Ukrainanyň Russiýanyň Gara deňiz flotunyň baş edarasyna we howa menziline garşy "uzak aralykdan zarba urmak ukyby” olary bu sebitdäki suwasty gämileriniň ýerini üýtgetmäge mejbur etdi. Bu ýagdaý Moskwanyň Krymy basyp almak bilen sekiz ýyllap yzarlan esasy maksatlarynyň biriniň “aşagyny köwýär” diýip, aňtaw gullugy aýtdy.

"Panzerhaubitze 2000" artilleriýa ulgamy
"Panzerhaubitze 2000" artilleriýa ulgamy

Şu aralykda Germaniýanyň Ukraina goşmaça ýene-de dört sany özi ýöreýän artilleriýa ulgamyny (“Panzerhaubitze 2000”) berýändigi mälim boldy. Bundeswehr bu ulgamlaryň täze däldigini, ýöne bejerilen we ulanmaga doly ýaramly ýaraglar bolup durýandygyny aýtdy.

Berlin özi ýöreýän PzH 2000 ulgamyny Ukraina öňem beripdi we indi Ukrainanyň Ýaragly güýçlerine Bundeswer we golland goşuny tarapyndan berlen öz-özi ýöreýän artilleriýa ulgamlaryny goşsaň, olaryň sany 22-ä ýeter.

Forum

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG