Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa "Azow” serkerdelerini Wiktor Medwedçuk bilen çalyşdy


"Azow“ polkunyň serkerdesi Denis Prokopenko
"Azow“ polkunyň serkerdesi Denis Prokopenko

Ukraina 55 rus tussagynyň boşadylmagynyň deregine Mariupolyň “Azowstal” polat zawodynyň goragyna ýolbaşçylyk eden serkerdeler bilen birlikde 215 esgeriniň boşadylandygyny habar berdi.

Azatlyga çykanlaryň arasynda "Azow“ polkunyň serkerdesi Denis Prokopenko we onuň orunbasary Swýatoslaw Palamar, gabalan zawodda düşüren suratlary we ok astynda "Kaluş Orkestra” atly ukrain toparynyň "Stefania" aýdymyny aýdyp meşhur bolan "Azow” söweşijisi Dmitriý Kozatskiý, Mariupol patrul polisiýasynyň başlygy Mihail Werşinin, lukman we "Azow“ söweşijisi Ýekaterina Polişçuk, 36-njy brigadanyň uly seržanty Mihail Dianow dagy bar.

"RB-Ukraina" neşiri biraz öň "azowçylaryň" boşadylmagynyň Russiýa bilen uruş ýesirleriniň alyş-çalşygynyň çäginde bolup geçendigini we Ukrainanyň bu adamlaryň deregine Wladimir Putiniň ýaranyny, ozalky deputat Wiktor Medwedçugy berendigini habar berdi. Medwedçuk Ukrainada dönüklikde aýyplanyp tussag edilipdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski özüniň 21-nji sentýabr agşamy eden wideo ýüzlenmesinde “Azow” serkerdeleriniň Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň gatnaşmagynda boşadylandygyny aýtdy. Häzir olar Türkiýede we uruş gutarýança şol ýerde galar - bu şertnamanyň şertlerinden biri diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu Russiýanyň fewral aýynda başlan çozuşyndan bäri iki tarapyň arasynda amala aşyrylan iň uly alyş-çalyş boldy. Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak boşadylan ukrain tussaglarynyň 108-siniň “Azow” polkunyň söweşijileri bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG