Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Putin bilen telefonda gürleşdi


23-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy. Arhiw suraty.
23-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy. Arhiw suraty.

Türkmen metbugaty daşary ýurt liderleriniň Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy 41 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlandygyny we oňa berk jan saglygyny, işde üstünlik arzuw edendigini habar berýär.

Döwlet baştutanynyň adyna gelen gutlaglar milli metbugat arkaly halka ýetirilýär.

TDH-nyň ýazmagyna görä şu gün, 23-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon söhbetdeşlikleri boldy.

Türkmenistanyň Döwlet habar agentliginiň rus lideriniň metbugat gullugynyň habaryna salgylanyp ýazmagyna görä, bu “söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmek bilen bagly sowallar boýunça hem pikir alşyldy.”

Özbegistanyň prezidenti türkmen kärdeşine “berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde” üstünlik arzuw etdi.

Şeýle-de, Berdimuhamedowy Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkonyň, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň we beýelikleriň doglan güni bilen gutlandygy habar berilýär.

Şu aralykda prezident döwlet maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrmak, 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny döretmek wadasyny berdi.

Bu wada Türkiýe bilen aradaky wizasyz gatnaşygyň ýatyrylmagynyň we ol ýerde bikanun ýagdaýa düşen zähmet migrantlarynyň yzyna getirilip başlanan wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň derejesini aýtmaýar we daşary ýurtlara gazanç etmäge giden raýatlaryna goldaw, kömek bermegiň deregine, emeli kynçylyklary, şol sanda pasport kynçylygyny döretmekde tankyt edilýär.

XS
SM
MD
LG