Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň ýegeni alty ýyl türmä höküm edildi


Kaýrat Satybaldy
Kaýrat Satybaldy

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýegeni galplykda we ýoklanan emläkde günäli tapylyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Astananyň Baýkonur etrap sudy bu baradaky kararyny 26-njy sentýabrda çykardy, şeýle-de Kaýrat Satybaldynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň general-maýory çinini ýatyrdy. Oňa 10 ýyl möhlet bilen döwlet wezipelerini eýelemek hem gadagan edildi.

Satybaldy geçen hepde başlanan sud diňlenişiginde özüne bildirilen aýyplamalary boýun aldy we etmişlerine ökünýändigini aýtdy.

Satybaldy martda, Türkiýe ugry boýunça uçara münjek wagty saklandy.

Ýanwarda geçirilen hökümete garşy protestlerden soň, gazak režimi Nazarbaýewi, şeýle-de, ýurtda ýokary wezipeleri eýelän, onuň maşgala agzalaryny we ýaranlaryny nyşana alyp başlady.

XS
SM
MD
LG