Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden, Makron Russiýany Ukrainadaky “hasaba alnan jenaýatlary” üçin jogapkärçilige çekmegi wada berdiler


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (sagda) we fransuz prezidenti Emmanuel Makron Waşingtonda
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (sagda) we fransuz prezidenti Emmanuel Makron Waşingtonda

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we fransuz prezidenti Emmanuel Makron 1-nji dekabrda Ak Tamda geçiren duşuşygyndan soň, Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen baglylykda, ony “özüniň harby güýçleri we Wagner ýaly hakyna tutmalary tarapyndan amala aşyrylan gazaplylyklary we uruş jenaýatlary üçin” jogapkärçilige çekjekdiklerini aýtdylar.

Baýden eger-de rus prezidenti Wladimir Putin “urşy bes etmegiň ýollaryny gözleýän bolsa”, onda onuň bilen gepleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Makron bolsa, Ukrainanyň kabul edip bilmejek çözgüdi üçin, Kiýewe basyş etmejekdigini söz berdi.

Olar Ukrainanyň özygtyýarlygynyň goragy we territorial bitewiligi ugrundaky dowam etdirýän hemaýatlary barada ýene bir gezek ynandyrdylar.

XS
SM
MD
LG