Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NASA: Russiýa basyp alan ukrain sebitlerinden 1 milliard dollarlyk bugdaý ýygnady


Ukrainanyň Harkow sebitinde Ukraina-Russiýa serhedinden birnäçe kilometr uzaklykda ruslar tarapyndan atylan okuň netijesinde ýanan bugdaý meýdany. 2022-nji ýylyň 29-njy iýuly, 
Ukrainanyň Harkow sebitinde Ukraina-Russiýa serhedinden birnäçe kilometr uzaklykda ruslar tarapyndan atylan okuň netijesinde ýanan bugdaý meýdany. 2022-nji ýylyň 29-njy iýuly, 

ABŞ-nyň kosmos gullugy NASA-nyň habaryna görä, Russiýa öz güýçleriniň Ukrainada basyp alan ýerlerinde takmynan 1 milliard dollarlyk bugdaý ýygnapdyr.

Agentligiň azyk howpsuzlygy programasy bolan "NASA Hasyl" tarapyndan 4-nji dekabrda berlen maglumata görä, emeli hemra suratlary Ukrainadaky basyp alnan ýerlerden takmynan 5,8 million tonna bugdaýyň ýygnalandygyny görkezýär.

Russiýanyň ýygnap äkiden ukrain bugdaýyny soň näme edendigi belli däl, ýöne rus gämileri Ukrainadan alnan bolmagy mümkin gallany Liwiýa, Eýrana we beýleki ýurtlara eksport edýär.

XS
SM
MD
LG