Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Katara sapar edip, futbol boýunça dünýä çempionatyna tomaşa etdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimujamedow 
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimujamedow 

Serdar Berdimuhamedow 3-nji noýabrda Katara bir günlük sapar etdi we futbol boýunça dünýä çempionatynyň Dohada geçirilýän oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy diýip, Türkmen döwlet habarlar gullugy (TDH) ýazýar.

Şol gün Dohanyň «Halifa» halkara stadionynda çempionatynyň 1/8 final oýnunda Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlary duşuşdy.

Maglumata görä, türkmen prezidenti Katara ýurduň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça barypdyr.

Serdar Berdimuhamedowy Doha şäheriniň aeroportunda Kataryň döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de türkmen hökümet agzalary garşylapdyr.

Türkmen prezidentiniň Kataryň Emiri bilen duşuşygy stadionyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda geçirilipdir, taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi barada gepleşipdir.

XS
SM
MD
LG