Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prokurorlary syýasatçy Ilýa Ýaşin üçin 9 ýyl soradylar


Oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin suduň zalynda
Oppozisiýa syýasatçysy Ilýa Ýaşin suduň zalynda

Russiýanyň prokurorlary oppozisiýa syýasatçysy we Kremliň tankytçysy Ilýa Ýaşin üçin 9 ýyl türme tussaglygyny soradylar. Ýaşin Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň arasynda rus harbylary barada ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplanýar.

Ýaşin iýulda tussag edilipdi. Ol entegem Russiýanyň özünde ýaşaýan sanlyja belli oppozisiýa syýasatçylarynyň biridir.

Ýaşine ýöňkelýän aýyplamalar onuň özüniň YouTube kanalynda rus harbylarynyň Ukrainanyň Buça şäherinde amal edendigi öýdülýän jenaýatlary barada ýerleşdiren maglumaty bilen ilteşikli.

Ýaşiniň sudy 23-nji noýabrda başlady. Ol günäli tapylsa, oňa 10 ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG