Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Russiýa ýadro desgasynda raketa toplumlaryny ýerleşdirdi


Ukrainanyň Zaporižýa atom energiýa stansiýasy
Ukrainanyň Zaporižýa atom energiýa stansiýasy

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň işi togtadylan Zaporižýa atom stansiýasynda ençeme raketa ulgamyny ýerleşdirdiler diýip, 8-nji dekabrda ukrain resmileri mälim etdiler.

Bu Ýewropadaky iň iri atom energiýa desgasynyň Ukrainanyň topraklaryna zarba urmak üçin ulanylyp bilinjekdigi we radiasiýa howpuny ýokarlandyryp biljekdigi baradaky howatyrlanmalary artdyrdy.

Ukrainanyň energiýa kompaniýasy Enerhoatomyň maglumatyna görä, basybalyjy rus güýçleri alty ýadro reaktorlarynyň biriniň golaýynda ‘Grad’ kysymly raketa toplumlaryny ýerleşdiripdirler.

Munuň “ýadro we radiasiýa howpsuzlygynyň ähli kadalarynyň bozulmagy” netijesinde amal edilendigi hem bellenilýär.

Bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

XS
SM
MD
LG