Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan aňtaw gullugy: Makiýiwkada 300 orsýetliniň öldürilen bolmagy ähtimal


Ukrainanyň Donetsk sebitinde Makiýiwkany görkezýän karta
Ukrainanyň Donetsk sebitinde Makiýiwkany görkezýän karta

Britan Goranmak ministrligi 28-nji ýanwarda ýaýradan gündelik habar býulleteninde ukrain güýçleriniň 1-nji ýanwarda Makiýiwkadaky goşun bölümine eden hüjümlerinde Russiýanyň 300 töweregi esgerini ýitiren bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Ministrlik ölenleriň köpüsiniň ýaralanman, öldürilendigini ýa-da ýitirim bolandygyny çaklady.

Russiýa bu hüjümde 89 esgeriň öldürilendigini öňe sürdi. Şol bir wagtda, Ukrainanyň harby we Kremle tarapdar harby blogçylar bolsa, artilleriýa hüjüminde 400 töweregi esgeriň ölendigini ýa-da ýaralanandygyny habar berdiler.

"Russiýanyň ykrar eden ýitgileriniň sany bilen ähtimal hakyky umumy sanyň arasyndaky tapawut, Russiýanyň jemgyýetçilik beýannamalarynda dezinformasiýanyň giňden ýaýrandygyny görkezýär" diýlip, britan aňtaw gullugynyň hasabatynda aýdylýar.

Şeýle-de, onda Russiýanyň ýitgi çekendigini boýun almak ýaly seýrek ädim ädendigi bellenip, munuň sebäbi "resmileriň bu waka bilen bagly rus serkerdeleriniň giň ýaýran tankytlary sebäpli düşündiriş bermekden saklanmagyň mümkin däldigini çaklan bolmagy" bilen bagly bolup biler diýilýär.

XS
SM
MD
LG