Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň esgerleriniň sanyny rekord derejede artdyrdy


Polşa esgerleri 2022-nji ýylyň maý aýynda Polşanyň Orzysz şäheriniň golaýynda NATO harby türgenleşigine gatnaşýarlar.
Polşa esgerleri 2022-nji ýylyň maý aýynda Polşanyň Orzysz şäheriniň golaýynda NATO harby türgenleşigine gatnaşýarlar.

Polşanyň ýaragly güýçleri 2008-nji ýylda harby gulluga çagyryş düzgünini ýatyraly bäri iň köp esger toplady. Bu san, Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň Polşada watany goramaga islegleriň artmagy bilen bagly boldy.

Goranmak ministri Mariusz Blaszczak Polşada geçen ýyl 13 500-den gowrak professional harbynyň goşuna alnandygyny 28-nji ýanwarda aýtdy.

Bu san Polşanyň 164 000 müň adamdan ybarat ýaragly güýçleriniň 8% çemesine deňdir.

Russiýanyň Kaliningrad eksklawy bilen serhetleşýän Polşa ýakyn ýyllarda ýaragly güýçleriniň sanyny 300 000 professional harbysyna ýetirmegi maksat edinýär.

XS
SM
MD
LG