Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ kazysy rus oligarhynyň $5,4 millionlyk emlägini almagyň ýoluny arçady


Konstantin Malofeýew
Konstantin Malofeýew

Nýu-Ýorkuň federal etrap kazysy 2-nji fewralda prokurorlaryň rus oligarhy Konstantin Malofeýewe degişli 5,4 million dollar serişdäni tutup saklap biljekdigini aýtdy.

Bu karar saklanan serişdeleriň Ukrainany täzeden gurmak üçin ulanylmagyna ýol açar.

Etrap kazysynyň çykaran karary Adalat departamenti 2022-nji ýylda, Ukraina goşun sürülmegine jogap hökmünde, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň ýaranlarynyň maliýe serişdelerini gysaja almaga gönükdirilen iş toparyny döredeli bäri, rus oligarhynyň emlägini elinden almak üçin berlen ilkinji buýruk boldy.

ABŞ häkimiýetleri Malofeýewi Krymdaky separatistleri maliýeleşdirmekde aýyplady. Malofeýew separatistleri maliýeleşdirendigi barada aýdylanlary ret etdi.

XS
SM
MD
LG