Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German ministri Kiýewiň 100-den gowrak “Leopard” aljakdygyny aýtdy


German ministri Boris Pistorius Ukrainanyň köne “Leopard 1” tanklarynyň 100-den gowragyny aljakdygyny aýtdy.
German ministri Boris Pistorius Ukrainanyň köne “Leopard 1” tanklarynyň 100-den gowragyny aljakdygyny aýtdy.

Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius Kiýewe garaşylmadyk sapar etdi we Ukrainanyň ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinden köne “Leopard 1” tanklarynyň 100-den gowragyny aljakdygyny habar berdi.

Tanklar Germaniýadan, Gollandiýadan we Daniýadan iberiler diýip, üç ýurduň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar.

Ukrainanyň goranmak ministri Oleksi Reznikowyň edarasynyň beren habaryna görä, Pistorius 20-25 aralygyndaky tanklaryň tomus aýlaryna çenli geljekdigini, ýylyň ahyryna çenli 80 töweregi we 2024-nji ýylda 100-den gowrak tankyň geljekdigini aýtdy.

Üç hepde ozal goranmak ministri wezipesine girişen Pistorius sapar wagtynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Reznikow bilen duşuşdy.

“Leopard 1” tanklary bilen üpjün etmek baradaky kararlar Ukraina üçin möhüm diýip, Zelenski Pistorius bilen geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy we "Biz Russiýa rüstemlik bermek islemeýäris" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG