Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Baýden ýurduň ýagdaýy barada çykyş etdi


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ikinji gün agşam Kongresiň öňünde ýurtdaky ýagdaýlar barada hasabat berdi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ikinji gün agşam Kongresiň öňünde ýurtdaky ýagdaýlar barada hasabat berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ikinji gün agşam Kongresiň öňünde ýurtdaky ýagdaýlar barada ýyllyk hasabat bilen çykyş etdi.

Çykyşyň aglaba bölegi Jo Baýdeniň prezidentliginiň iki ýylynda gazanylan ykdysady üstünlikler barada berlen hasabata çalym etdi.

Prezident bu döwürde 12 million iş ýeriniň döredilendigini, işsizligiň 50 ýyl içinde iň pes derejä düşendigini, soňky aýlarda ortaça aýlyk hakynyň ýokarlanmagy we geçen ýyldaky ýokarlanmasyndan soň ýangyç bahasynyň ep-esli arzanlamagy netijesinde inflýasiýanyň peselendigini aýtdy.

Jo Baýden ýurduň infrastrukturasyna maýa ýatyrmak barada öz başlangyjy esasynda kabul edilen kanuny ýatlatdy. Prezident bu kanunyň iş üpjünçiliginiň ösüşini üpjün etjekdigini we täze iş ýerleriniň döredilmegine itergi berjekdigini aýdypdy.

Prezidentiň sözlerine görä, onuň maksady orta gatlagy goldamak bolup durýar:

"Meniň planymyň maksady şäherlere we ýatdan çykarylan adamlara maýa ýatyrmakdan ybarat ... Biz hiç kimiň yzda galdyrylmajak ykdysadyýetini döredýäris!" diýip, Baýden Kongrese beren ýyllyk hasabatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG