Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan owgan mermerine gyzyklanma bildirýär


Mermer bilen gurşalan binalaryň diňe biri
Mermer bilen gurşalan binalaryň diňe biri

Aşgabatdaky hökümet owgan mermerini import etmäge gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki baş konsuly Aýmyrat Goçmyradow Hyrat sebitiniň häkimi Nur Ahmed Islam Jar bilen geçiren duşuşygynda türkmen tarapynyň owgan mermerini import etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

“Biznes Türkmenistan” neşiri bu maglumaty Owganystanyň “Bakhtar” agentligine salgylanyp habar berýär.

Hyradyň senagatçylar birleşmesiniň agzalary Çişt Şarif etrabyndan alynýan mermeriň hili barada gürrüň berip, Aşgabadyň mermer isleginiň bir bölegini kanagatlandyryp biljekdigini bellediler.

Türkmenistanda jaýlary durşuna mermer bilen gurşamak ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlandy we, hökümet tankytçylarynyň we ýerli synçylaryň mermeriň ozalam bahalary çişirilen hasaplanylýan gurluşyklaryň bahasyny has artdyrýandygy, korrupsiýa ýene bir mümkinçilik döredýändigi barada aýdýanlaryna garamazdan, bu praktika şindi hem dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň mermer importy bilen gyzyklanýandygy baradaky habar Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremelerinde ýykylan jaýlaryň müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG