Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapon reaktorynyň merkezi gaby zaýalanan bolup biler


Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynyň 3-nji reaktorynda saklanýan howply plutoniý sterženleriniň gorag gabyna zeper ýeten bolmagy mümkin diýlip, habar berilýär.

Şeýle-de atom stansiýasynyň ýakynda çenden aşa radiasiýa bilen zäherlenen üç işgäriniň radiasiýa derejesiniň çaklanandan 10,000 esse ýokary bolandygyny anna güni ýapon resmileri aýtdy.

Ýaponiýada bolan ýer yranma we sunami sebäpli ölenleriň sanynyň 10,000-e ýetendigi habar berilýär. Şeýle-de dereksiz ýiten 17,500 töweregi adamy diri tapmak umytlary hem gitigiçe peselýär.
XS
SM
MD
LG