Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goşuny grafiki owgan suratlary sebäpli ötünç sorady


Birleşen Ştatlaryň goşuny amerikan esgerleriniň öldürilen owganlaryň gapdalynda düşen suratlary üçin ötünç sorady.

Bu beýanat birinji gün, Amerikadaky «Rolliň ston» žurnaly öz Web saýtynda Owganystana degişli grafiki suratlary çap edenden soň ýaýradyldy.

Geçen hepde Germaniýanyň «Der Şpigel» žurnaly hem şeýle şekilleri çap edipdi.

Amerikan goşunynyň beýanatynda «Rolliň stonuň» çap eden suratlary elhenç we Birleşen Ştatlaryň goşunynyň ölçeglerine hem gymmatlyklaryna düýpden ters gelýär» diýilýär.

«Goşun bu suratlaryň sebäp bolan gam-hasraty üçin ötünç soraýar» diýip, beýanatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG