Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň baş ugurlary kesgitlendi


Türkmenistan we Ukraina ýangyç-energetika toplumynda, metallurgiýada, şäher gurluşygynda, transportda özara hyzmatdaşlygy aktiwleşdirmekçi.

Şu ugurlar Trkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hökümetara komissiýanyň maslahatyna gatnaşmak üçin Ukrainadan gelen delegasýanyň baştutany, Ukrainanyň birinji wise-premýeri Andreý Klýuýewiň duşuşygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi diýip, ITAR-TASS agentligi habar berýär.

Duşuşykda Ukrainanyň “Altkom” kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýan Amyderýanyň üstünden geçmeli awtomobil köprüsininiň gurluşygynyň depgini barasynda gürrüň edildi.

Ukrain tarapynyň amala aşyrýan beýleki uly proýektleriniň arasynda Aşgabatda gurulýan drenaž-aragatnaşyk ýerasty ötügi, Hazardaky we Naýypdaky gazkompressor stansiýalary bar.

Iki ýurduň arasyndaky gumanitar gatnaşyklaryň ösüşine 10-13-nji aprel aralygynda Ukrainanyň medeni günleriniň Türkmenistanda geçirilmegi ýardam eder.
XS
SM
MD
LG