Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýa, Hytaý Liwiýa babatda çözgüde çagyrýar


Germaniýa we Hytaý şu gün Liwiýadaky konflikte zorluksyz, syýasy çözgüt tapmak baradaky çagyryşlaryny gaýtaladylar.

Bu çagyryş Germaniýanyň daşary işler ministri Guýdo Westerwelle bilen onuň hytaýly kärdeşi Ýaň Jiçiniň Pekinde geçiren gepleşiklerinden soň ýaýradan bilelikdäki beýanatlarynda edildi.

Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy howa kampaniýasyna häzir, BMG-niň graždan ilaty goramak baradaky rezolýusiýasy esasynda, NATO ýolbaşçylyk edýär.

Germaniýa bilen Hytaý BMG-niň bu rezolýusiýasy sese goýlanda saklandy we harby howa kampaniýasyna gatnaşmaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG