Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Awstriýanyň polisiýasy Obama maskaly ogryny tutdy


Awstriýanyň polisiýasy amerikan prezidenti Barak Obamanyň şekilindäki maska bilen bank ýarmakda güman edilýän adamy tussag etdi.

Ol adam penşenbe güni Awstriýanyň ýokarky welaýatlarynyň birinde ýaragly bank ýarandan soň tussag edildi.

Güman edilýän adam bu sebitde 2008-nji ýyldan bäri amerikan prezidentiniň şekilinde maska geýip, alty banky ýaran ogry hasaplanýar.

Polisiýa onuň german raýatydygyny aýdýar.

Metbugat habarlarynda tutulan ogrynyň iň uly oljasynyň 40 müň ýewro bolandygy, onuň bu puly 2009-njy ýylyň iýulynda ogurlandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG