Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara borçlaryny amal etmeýändigini aýdýar


Britaniýanyň Daşary işler ministrligi adam hukuklary we demokratiýa boýunça 2010-njy ýyla synyny çap etdi.

Hasabatyň Türkmenistan bölüminde Aşgabadyň halkara adam hukuklary şertnamalarynyň köpüsine, şol sanda BMG-niň adam hukuklary Konwensiýasyna gol çekendigi, bu ýurduň Konstitusiýasynda esasy adam hukuklary ýörelgelerini özünde jemleýän maddalaryň bardygy bellenýär.

«Ýöne muňa garamazdan, bu ýörelgeleriň durmuşa geçirilmegi problema bolup galýar we biz Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyndan alada galmagymyzy dowam etdirýäris» diýip, hasabatyň başynda aýdylýar.

Hasabatyň dowamynda Türkmenistanda korrupsiýanyň problema bolup galýandygy, Halkara gyzyl haç komiteti ýaly halkara guramalaryň türmelere barmagyna ýol berilmeýändigi, tussag şertleri we gynamalar, adam hukuklaryny goraýjylaryň kynçylyklary, söz we metbugat, din azatlygy babatdaky bikanunçylyklar barada hem aýdylýar.
XS
SM
MD
LG