Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçiriler


Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçiriler. Bu dabara Türkmen-Awstriýa jegmyýeti bilen Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan gurnalýar.

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň resmi maglumatyna görä, bu dabara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, “Medeniýet-Ykdysadyýet-Turizm” şygary astynda geçiriler.

Wena baly 120 ýyl bäri jemgyýetiň ýokary gatlagy üçin gurnalýan tomaşa hasaplanýar. Bular ýaly dabaralar diňe bir Wenada geçirilmän, eýsem dünýäniň beýleki şäherlerinde, şol sanda Pragada, Nýu-Ýorkda, Rimda, Tokioda we Moskwada hem geçirilýär.
XS
SM
MD
LG