Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam “Al-Kaýdanyň” Ýemende pursatdan peýdalanmagynyň ahmaldygyny duýdurýar


Birleşen Ştatlar “Al-Kaýdanyň” Ýemendäki häkimiýet gowuşgunsyzlygyndan peýdalanmagynyň ahmaldygyny duýdurdy we prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýeti başgalara geçirmek işiniň başlanmalydygyny aýtdy.

Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karniý bu beýanaty 32 ýyl ýurt baştutany bolan Salehe garşy protestlerde 50-den gowrak adam öldürilenden soň etdi.

Duşenbe güni günortadaky şäher Taizde ýemen goşunlary protestçi mähelläni oka tutup, azyndan 15 adamy öldürdiler.

Taizli protestçilere raýdaşlyk beýleki birnäçe şäherde hem protest ýörişleriniň guralmagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG