Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Kosmos programmasynda ula ymtylýar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Orsýet gelýän onýyllykda Gün sistemasyny öwrenmek we kosmos uçuşlary babatda ulurak bazar paýyny almak üçin has köp tagalla eder diýdi.

Putin Ýuriý Gagariniň ilkinji kosmos uçuşynyň 50 ýyllyk dabarasyndan öň çykyp gepläp, Orsýetiň planlary Halkara Kosmos stansiýasyna ekipaž ibermekden has aňry gider diýdi.

Energiýa baý Orsýetiň 2010-2011-nji ýyllarda kosmosa bölen serişdesi 7.09 milliard dollar.

Putin bu serişdäniň Orsýeti kosmosa serişde harçlamakda ABŞ-nyň NASA kosmos gullugyndan, Ýewropa Kosmos gullugyndan we Fransiýadan soň dördünji orna çykarýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG