Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul bankyny reformalaşdyrmak göz öňünde tutulýar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň aýtmagyna görä, geçen ýyl kynçylyga duçar bolan Kabul bankyny reformalaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de prezident Karzaý bankyň dolandyrylmagynda goýberilen ýalňyşlyklyklaryň aglaba bölegini daşary ýurt maslahatçylarynyň üstüne atdy.

Karzaýyň nygtamagyna görä, bankdan kredit alyp, olary yzyna tölemeýänlere garşy hem jenaýat işi gozgalar.

"Kabul bankyndan karz alanlar, bir aýyň içinde tölegleri geçirmelidirler. Eger-de olar pullary Kabul bankyna tölemeseler, onda olar owgan hökümeti tarapyndan jezalandyryljakdyrlar” diýip, Karzaý duşenbe güni çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG