Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýadaky ýagdaý Orsýeti alada goýýar


Moskwa Merkezi Aziýa döwletlerinde demokratik reformalaryň geçirilmeýändigine alada bildirýär. Bu barada Orsýetiň Dumasynda13-nji aprelde geçirilen diňlenişikde ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin çykyş etdi.

Karasin Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrikadaky ýaly ýagdaýlar gaýtalanmaz ýaly, Merkezi Aziýa döwletlerinde demokratik reformalary geçirmegiň zerurdygyny aýtdy diýip, Interfaks habar gullugy maglumat ýaýratdy.

Grigoriý Karasin Merkezi Aziýada durnukly ýagdaý bolmasa, Orsýetiň hem durnukly ösmegini göz öňüne getirmegiň kyndygyny aýtdy diýlip, habar berilýär.

“Biziň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarymyz demokatik reformalar meselesinde entek köp iş etmeli” diýip, Grigoriý Karasin Dumada eden çykyşynda aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG