Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” saýlanylýar


Aşgabadyň atçylyk sporty toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly gözellik bäsleşiginiň ikinji saýlama tapgyry geçirildi.

Bu çäre “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleri hem-de ýurduň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda 80 bedewiň arasyndan 20-si saýlanypdy. Çarşenbe güni geçirilen saýlap-seçişlikde bolsa, şol 20 bedewiň hataryndan ýene-de 10 sanysy saýlandy.

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” bäsleşiginiň soňky – final tapgyry şu ýylyň 23-nji aprelinde geçiriler.
XS
SM
MD
LG