Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: daşary işler ministrleri duşuşýar


Şu gün Berlinde NATO agza 28 ýurduň daşary işler ministrleriniň iki günlük maslahaty tamamlandy. Onda ýaranlygyň Liwiýadaky nobatdaky strategiýasy barada gürrüň edildi.

Muammar Kaddafiniň goşunyna garşy howadan edilen hüjümler liwiýaly gozgalaňçylara kömek maksady bilen edildi.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen entek Kaddafiniň güýçleriniň asuda ilata hüjümlerini dowam edýändigi üçin, ýaranlyk howadan hüjümlerini dowam etdirer diýdi.

“NATO we onuň Arktikadan tä Arap deňzine çenli ýaranlary BMG-niň 1973 belgili rezolýusiýasyny deňiz we howa ýollary arkaly goldamak üçin işleýärler. Biziň maksadymyz Liwiýanyň halkynyň howpsuzlygyny üpjün etmek” diýip, Rasmussen belledi.

NATO-nyň duşuşygyndan öňinçä Amerikanyň döwlet sekretary Hillari Klintonyň aýtmagyna görä, NATO Kaddafiniň dolandyryşyny soňlamak üçin birleşdi.

Düýn Fransiýa we Beýik Britaniýa Liwiýadaky harby hüjümleri güýçlendirmegi öňe sürdiler. Bu barada Fransiýanyň prezidenti Nikolva Sarkoziniň we Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameruoyň Pariždäki gepleşiklerinden soň ýaýradylan bilelikdäki beýannada aýdylýar.

Şu gün liwiýaly gozgalaňçylar öz ellerindäki ýeke-täk şäher Misurata Kaddafiniň güýçleriniň raketa atandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG