Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saleh özüniň Ýemeniň «kanuny lideridigini» nygtady


Şu gün Ýemende dowam edýän hökümete garşy protestleriň fonunda ýurduň prezidenti Ali Abdullah Saleh döwlet konstitusiýasyna laýyklykda özüniň islendik bir ýagdaýda-da döwletiň «kanuny lideri» bolup galýandygyny nygtap çykyş etdi.

Şeýle hem, ol öz eden ýüzlenmesinde Ýemeniň oppozisiýasyny dialoglar arkaly ýurtda durnuklylygy üpjün etmeklige çagyrdy.

Ýemeniň birnäçe şäherlerinde hökümete garşy köpçülikleýin protest demonstrasiýalary indi birnäçe hepde bäri dyngysyz dowam edip gelýär.

Şu gün Ýemeniň dini we taýpa liderleriniň bir topary bilelikde beýanat ýaýradyp, ýurduň prezidenti Ali Abdullah Salehi durnuklylygyň hatyrasyna haýdan-haý wezipesinden çekilmeklige çagyrdylar.

Soňky protest çykyşlarynyň barşynda protestçilere garşy güýç ulanylmagy netijesinde Ýemende 130-a golaý adam öldi.
XS
SM
MD
LG