Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diplomatiýasy boýunça žurnal çap edildi


Sişenbe güni «Türkmenistanyň daşarky syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-praktiki žurnalyň ilkinji sany çapdan çykdy.

Her kwartalda bir gezek çapdan çykjak şeýle žurnaly döretmek barada prezident G.Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň dekabrynda ýörite karara gol çekipdi.

Žurnalyň ilkinji sanynyň başky sahypalary prezident G.Berdimuhamedowyň «Türkmen diplomatiýasynyň wezipeleri» atly dokladynyň teksti bilen açylýar.

Türkmen, rus we iňlis dillerinde çap ediljek bu žurnal giň halkara okyjylar köpçüligini «Galkynyş we beýik özgertmeler zamany» diýlip atlandyrylýan häzirki döwürde Türkmenistanyň daşarky syýasy ugurlary bilen tanyşdyrmaklygy maksat edinýär.
XS
SM
MD
LG