Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada hökümete garşy protestler dowam edýär


Şu gün Siriýanyň demirgazyk şäheri Baniasda häkimiýete garşy protestleriň geçirilýändigi barada habar berilýär.

Ýurtda 48 ýyl bäri dowam edip gelen adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylandygyna garamazdan, protestçiler dargamaýarlar. Ýurtda adatdan daşary ýagdaýyň ýatyrylmagy protestçileriň öň süren esasy talaparlarynyň biridi.

Emma bir aý töweregi dowam edýän protestlerde siriýalylar prezident Başar Al-Assadyň häkimiýetden çetleşmelidigini hem talap edip gelýärler.

Hukuk goraýjy guramalarynyň berýän maglumatyna görä, protestler başlanaly bäri 200 töweregi adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG