Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz aragatnaşyk ofiserleri Liwiýa barar


Liwiýadaky pitneçileriň Muammar Kaddafiniň goşunlaryna garşy alyp barýan göreşine ýardam bermek üçin, Fransiýa özüniň harby aragatnaşyk ofiselerini bu sebite ugradýar.

Şu gün Fransiýanyň hökümetiniň metbugat wekili Fransua Baroiniň aýtmagyna görä, “az sanly” fransuz harby aragatnaşyk ofiseri gozgalaňçylaryň Milli Geçiji Geňeşine ýurtdaky parahat ilaty goramak üçin hemaýat berer.

Baroiniň bellemegine görä, Parižiň Liwiýa gury ýer goşunlaryny ugratmak maksady ýok.

Sişenbe güni Britaniýa hem Liwiýadaky gozgalaňçylaryň Muammar Kaddafiniň goşunlaryna garşy alyp barýan söweşleriniň gurnalyşyna ýardam bermek üçin, özüniň 20-ä golaý harby ofiserini bu ýurda ugratmakçydygyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG