Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenko diktatorlyk döretmekçi däldigini aýdýar


Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň aýtmagyna görä, onuň dolandyryşyna garşy çykýan islendik “bäşinji sütün” ýok ediler.

Şu gün parlamentdäki ýyllyk ýüzlenmesinde Lukaşenko ýurtda diktatorlyk döretmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy

"Biz islenik bäşinji, altynjy ýa-da 25-nji sütüni ýok ederis. Biziň muny amala aşyrmaga ýeterlik derejede mümkinçiligimiz bar. Munuň diktoryň jemgyýeti parçamalagy ýa-da Ýewropanyň merkezinde diktaturany ornaşdyrmak ýaly zatlar bilen hiç hili ilteşigi ýok” diýip, Lukaşenko şu günki çykyşynda belläp geçdi.

Lukaşenko bu çykyşyny ýurtdaky çuňlaşýan ykdysady krizisiň we iki hepde töweregi ozal Minskide amala aşyrylan partlamanyň fonunda etdi.

Şol partlamada 13 adam ölüp, 200 töweregi adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG