Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýanyň Jabla şäherinde protestçilere garşy ok atyldy


Ýekşenbe güni habar agentlikleri Siriýanyň deňiz ýakasyndaky Jabla şäherinde prezident Başar al-Assada ygrarly howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy ok atmaklary netijesinde azyndan 9 sany parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdiler.

Ýurduň günortasyndaky Banias şäherinde protest çykyşlaryny gurnan oppozisiýa toparlarynyň liderleri Jabla şäherinden howpsuzlyk güýçleri çykarylýança bu şäheriň esasy transport ýoluny baglajakdyklary bilen duýduryş berdiler.

Geçen hepdäniň anna güni Siriýanyň dürli şäherlerinde gurnalan protest çykyşlary wagtynda hökümet güýçleriniň ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 100 töweregi adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Siriýadaky hökümete garşy protest çykyşlary indi bir ýarym aýa golaý wagt bäri dowam edip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG