Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oba medeniýet öýleri


Babarap obasynyň Medeniýet öýi
Babarap obasynyň Medeniýet öýi
Şeýle öýler daşary ýurtlarda barmy-ýokmy, ony biljek däl, ýöne “Oba medeniýet öýleri” diýilýän medeni ojak sowet döwrüniň peşgeşi. Oba medeniýet öýlerini Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ýapyp, ýok edipdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçenden soň, ýurduň intelligensiýa wekilleri bilen bolan duşuşyklarda oba medeniýet öýlerini dikeltmek barada birnäçe sapar gürrüň edildi we oba medeniýet öýlerini dikeltmek barada prezidentiň Karar kabul edendigi hakda Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradow geçen ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmegiň meseleleri boýunça geçiren maslahatyndaky çykyşynda hem aýdyp geçdi.

Çanak antennalarynyň, wideogörkeziji enjamlaryň ýok döwründe, oba ýerlerine paýtagt teatrlarynyň, kinolaryň az barýan döwründe oba medeniýet öýleriniň ilat arasyndaky hyzmaty örän uludy. Olar halkyň arasynda aýdym-sazlar, az aktly spektakllar bilen ýygy-ýygydan çykyş eder durardylar. Gününi gara zähmet bilen geçirýän pagtaçylar, obalardan uzakda — çöl içinde, dag içinde mal bakýan çopanlar, obalardan uzaklarda ýaşaýan çarwalar üçin oba medeniýet öýleriniň höwesjeň artistleriniň aýdym-saz, sahna oýunlary bilen çykyşlary olara tomaşa edenleriň durmuşdan üzňe bolmazlygyna kän goşant goşýardy.

Höwesjeňlerden düzülýärdi

Oba medeniýet öýleriniň artistleri profesional artistler bolmaýar, olar höwesjeňlerden düzülýärdi. Has dogrusy oba medeniýet öýleriniň öz işgärleri artistlige ukyby bar adamlar bolmalydy. Olar işe alnanda halkyň arasyndan artistlige üşügi barlar saýlanyp-seçilip alnardy. Oba medeniýet öýüniň ýolbaşçysy, medeniýet öýüniň tam süpürijisi, şofýory, elektrigi, kitaphanaçydan ybarat topar gündizlerine öz işlerini ederdiler, gijelerine ýa-da dynç günleri, baýramçylyk günleri halkyň arasynda aýdym-saz, dürli sahna oýunlary bilen çykyş ederdiler.

Bu topara oba mekdepleriniň ýokary klas okuwçylaryndan bolan höwesjeňler, artistlige höwes edýän kolhozçy ýaşlar hem goşulyp bilýärdi. Olara halk teatrlarynyň artistleri diýerdiler. Işleýänlere diňe özleriniň gündizki işleri üçin aýlyk tölenerdi, artistlik üçin tölenmeýärdi. Şeýle-de bolsa, adamlar bu işe höwesekdiler. Halk teatrlarynyň artistleri medeniýet öýlerine hökümet tarapyndan berilýän köneje awtobuslarda obalary, çopan goşlaryny, çarwa gollaryny birsyhly aýlanyp, halka hyzmat ederdiler. Sahna oýny üçin pýesalary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi satyn alyp bererdi. Käte höwesjeň artistleriň arasyndaky zehinliräk kişiler hem pýesa ýazardy. Oba medeniýet öýleriniň halk teatrlarynyň arasynda şeýle bir kämilleşenleri bardy, hatda olar köplenç paýtagt teatrlarynda goýulýan oýunlary-da halka görkezip bilerdiler.

Türkmenistanyň eksperimental-ýaşlar teatry bolan “Jan” teatrynda goýlan “Däli Domrul” spektaklynda Ezraýylyň garşysyna göreşe çykan däli Domrulyň roluny ýerine ýetirip, Türkmenistanyň halk artisti diýen ada mynasyp bolan, başga-da ençeme görnükli, baş rollary ýerine ýetirip, köp baýraklary alan mäne-çäçeli ýigit Töre Annaberiýew başda öz obalaryndaky medeniýet öýünde şofýor bolup işläp ýörkä halk teatrynyň işine goşulyp, artistlige başlan. Kiçijik oba sahnalaryndan paýtagt teatryna düşen Töre Annaberdiýew hiç hili ýokary bilimi bolmasa-da, örän köp, ajaýyp sahna rollaryny döretmek bilen türkmen halkynyň ýadynda baky galdy.

Oba medeniýet öýleriniň halk teatrlaryndan çykyp, uly artistlere öwrülen sungat ussatlary Türkmenistanyň teatr sungaty işgärleriniň arasynda az däl.

21-nji asyrda

Häzirki döwürde — çanak antennalarynyň, wideo görkeziji enjamlaryň ösen döwründe, adamlaryň her hili kinolary öz öýlerindäki telewizorda CD-DVD görkezijileriň üsti bilen görüp bilýän zamanasynda Türkmenistanda gaýtadan dikeldiljek bolunýan oba medeniýet öýleriniň hyzmatyna —görkezjek sahna oýunlaryna, aýtjak aýdymlaryna muşdak tapylarmy-tapylmazmy, ony häzirlikçe hiç kim aýdyp bilmez.

Elbetde, janly teatryň oýnuny synlamagyň öz lezzeti bar. Muşdaklaryň tapylmagy-da mümkin. Ýöne halk teatrlaryny öňküler ýaly abraýa galar ýaly derejede döretmegi başarmak häzirki hökümete başardarmyka? Dramaturglaryň, ýazyjylaryň gara spisoga salnyp kowlan zamanasynda, uly teatrlar üçin derekli pýesa tapyp bilmeýän, pýesa tapylan halatynda-da ony satyn alyp bermäge maliýe ýagdaýy ýabygorly Medeniýet ministrligi halk teatrlaryny nädip pýesa bilen üpjün ederkä? Munuň-da üstesine, oba medeniýet öýlerini dikeltmek üçin ilkinji nobatda olaryň ýerleşýän ýerleri bolan oba klublaryny dikeltmek gerek.

Dogrusyny aýtsaň-a, oba medeniýet öýlerini dikeltmek sowet döwrüne tarap ýene bir ädim diýip aýtsa bolar. Bazar ykdysadyýetine geçilýän ýurtda halk teatrlaryny, oba teatrlaryny, oba çeper höwesjeňlerini oba adamlarynyň özleri döretmeli. “Bäş-alty sany adama iş orny bolar” diýäýmeseň, oba medeniýet öýleri hem, olara degişli halk teatrlary hem ýene hökümetiň gysymyndaky edaralar bolar hem-de olaryň baş maksady hem halka hyzmat etmek däl-de, uly teatrlar ýaly, hökümetiň tarypyny ýetirmek bolaýmasa.

Düşer ýaly däl, bir görseň — sowet döwrüne dolanylýan ýaly, bir görseň—bazar şertlerine geçiljek bolunýan ýaly.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG