Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Elita” jaýlarda kim ýaşamaly?


Aşgabat şäherinde gurluşyk, 2010-njy ýyl.
Aşgabat şäherinde gurluşyk, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde türk gurluşykçylary tarapyndan gurulýan, otaglary giň ýaşaýyş jaýlary halkyň arasynda «elita jaýlary» diýip at aldy. Beýle jaýlaryň gurluşygy prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanypdy.

Halka elýeterli bolmasa-da, «elita jaýlary» şu günlerem aldygyna gurulýar. Onuň hakyky bahasynyň — ýagny, özüne düşýän gymmadynyň elli müň amerikan dollaryndan geçmeýändigini gurluşykdan başy çykýan adamlar aýdýarlar. Ýöne hökümet tarapyndan ol jaýlara kesilýän baha ilki ýyllarda ýüz müň amerikan dollaryna barabar bolan bolsa, soňra ol bahany 140 müň amerikan dollaryna eltdiler. Käbiri has hem gymmat.

Ilkinji töleg jaýyň umumy bahasynyň on göterimi, ýagny on dört müň amerikan dollary bolup, bäş ýyllap hiç hili pul tölenmeýär. Bäş ýyldan soň her aýda 800-1000 amerikan dollaryny tölemeli. Bu töleg otuz ýyllap dowam etmeli.

Her aýda üç ýüz-dört ýüz dollara barabar aýlyk alýan maşgalalara beýle tölegiň hötdesinden gelmek elbetde, aňsat düşmez. Tölegi töläp bilmeýänleriň bolsa elinden jaýlar yzyna alynýar. Jaýlar yzyna alnan çagy öňki tölenen tölegler yzyna gaýtarylmaýar, olar ýaşalan ýyllar üçin tutulyp galynýar.

Ýurtda korrupsiýanyň, neşe söwdasynyň ösmegi halk içinde puldar adamlary-da köpeltdi. «Elita jaýlaryny» alan käbir adamlar jaý töleglerini wagtynda töläp dynmak üçin, banklara köpräk pul geçiräýseler, derrew olary prokuratura çagyryp, puly nireden alandyklarynyň hasaby soralýar.

Şu ýylyň mart-aprel aýynda ýurduň dürli welaýatlaryndan, hatda Ahal welaýatyndan hem propiskasyny nähilidir bir ýol bilen Aşgabat şäherine geçirip, «elita jaýlaryny» satyn alan ençeme adamlaryň ellerinden jaýlary alyndy hem-de olar gelen welaýatlaryna ugradyldy. Elbetde, başga welaýatlardan bolan puldarlaryň propiskasyny paýtagta geçirip, olara «elita jaýlaryny» almaga ýardam bermek üçin güýçli tanşyň ýa-da tükenmez puluň gerekdigi düşnükli zat. Welaýatlardan göçüp gelenlere şeýle hemaýaty beren ýolbaşçy işgärleriň ençemesi işden kowuldy.

Dogrusyny aýtsaň, türk firmalarynyň gurýan bu «elita jaýlary» gaty bir ýokary standartlara laýyk däl. Ýöne adamlar jaý üçin başga maňlaý diräre ýer bolmany üçin, «Hökümet ahyr bir gün kredit töleglerini geçer» diýen umyt bilen bu jaýlary almaga mätäç bolýarlar. Ýöne bu jaýlary rugsat berseň, türkmenleriň özlerem gurup bilerdi. Bu iş türkmenlere başartman durmaz.

Türk firmalarynyň gurýan jaýlarynyň köpüsiniň 5 ball ýer titremesine hem döz gelip bilmejekdigini ýerli gurluşyk hünärmenleri aýdýarlar. Ýene bir täze obýekt almak üçin, harsal işlenýär. Ýerli gurluşyk inspektorlarynyň aladasy bolsa başga zat.

Gurluşyk harytlarynyň Türkiýedäki nyrhy bilen Türkmenistandaky nyrhy deň däl. Şeýle-de bolsa, türk kompaniýalary öz gurluşyklaryny Türkmenistana Türkiýedäki nyrh bilen gurup berýäne meňzeýär. Ýogsam bolmasa, «elita jaýlarynyň» nyrhy beýle ummasyz bolmazdy.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG