Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene balyk gytçylygy hakda


Garagum kanalyndan tutulan balykdan bişirilen çişlik Aşgabatdaky festiwalda, 2010-njy ýyl.
Garagum kanalyndan tutulan balykdan bişirilen çişlik Aşgabatdaky festiwalda, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanda balygyň hemmä elýeterli däldigi hakda elbetde, ençeme saparlar ýazyldy. Ýöne şeýle-de bolsa, bu tema bilen baglanyşykly aýdyp durmaly zatlar azlyk edenok.

Dogrusyny aýtsam, özüm-ä islendik naharyň gapdaly bilen gowrulanja balyk äberseler, kem göremok. Balyk çorbasy-da datly tagam. Balykdan bişirilýän çişlikler, buglanan balyklar hem hiç kimi deňinden biparh geçirenok. Elýeterli bolsa, balygy her kimem her gün iýýän bolsa gerek.

Balyk satuwyny halka elýeterli etmek et önümleriniň tyşytlanmagyna-da haýyr berjek. Elbetde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halka haýryny ýetirsin diýip, özüniň prezidentlik wezipesine girişen pursadyndan ýurtda balyk hojalyklaryny döretdi hem-de olaryň işiniň göwnejaý ýola goýulmagy üçin balykçylaryň balyk tutujy serişdeleriň ençemesini edinmegine mümkinçilikler döretdi.

Ýöne, şeýle-de bolsa, ýurtda halky balyk bilen üpjun etmek kanagatlanarly ýola düşmedi. Bu bolsa ençeme balyk hojalyklarynyň ýolbaşçylarynyň täzelenmegine getirdi. Ýolbaşçylar hernäçe täzelense-de, halky balyk bilen ýeterlik üpjün etmek şowuna düşenok. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň 3-nji dekabrynda bolan mejlisinde Berdimuhamedow hatda balykçylygy ösdürmek hakda ýörite durup geçip, balyk hojalygynyň ýolbaşçylaryna ýörite görkezme-de berdi. Balykçylygy ösdürmegiň ýurduň halk hojalygyna örän gowy peýda berjekdigini nygtap geçdi.

Görkezme berilse-de, karar kabul edilse-de, halk balygy ýeterlik iýip bilmeýär. Birinjiden, ol aşa gymmat. Gymmatlygynyň sebäbi — ol bol däl. Balygyň bol dälligi üçin balyk tutujylary-da, balyk hojalygynyň ýolbaşçylaryny-da günäkärläp bolmaýar. Sebäbi balyk gytçylygy ýörite döredilmän, ol tebigy taýdan döreýän gytçylyk. Türkmenistandaky balyk tutmaga amatly suwlar ýurduň ilatyny balyk bilen doly üpjun etmäge ýeterli däl. Balygy köpräk tutup bolaýjak uly suwlar diňe Hazar deňzi, Amyderýa, Hanhowuz emeli köli. Bu suwlardan tutulýan balyklaryň möçberi uly okeanlardan, dünýä belli deňiz-derýalardan tutulýan balyklar ýaly däl. Şeýle bolansoň, ýurdy bol balyk bilen üpjün etmek üçin daşary ýurtlardan bu önümi getirmek zerurlygy ýüze çykýar.

Suwdan halka barýança…

Balygyň gymmatlygynyň sebäbi bolsa, bu önümiň alyp satarlaryň üsti bilen halka ýetýänligidir. Ujypsyz aýlyga işleýän balyk tutujylar tutýan balyklaryny ogryn satmak gadagan hem bolsa, alyp-satarlara satýarlar. Mysal üçin, balyk tutujy bilen balyk söwdasyny birinji amala aşyrýan alyp satar onuň kilogramyny iki manatdan, käte iki ýarym manatdan alýar. Diýmek, balyk tutulýan ýerinden göni hökümet dükanlaryna gelse, onuň bahasy arzan hem boljak eken. Halka elýeterli hem boljak eken.Ýöne ol birinji alyp satardan ikinji alyp sataryň eline düşýär. Şeýdip, balyklar halka ýetýänçä olaryň bahasy galyp gidip otyr. Bazarlarda söwdagärleriň elinde iň arzan balyk bäş manat, gymmatlary ýigrimi-otuz manat.

Alyp-satarlar üçin balyk söwdasyny etmek gadagan. Bir welaýatyň çäginden ikinji bir welaýatyň çägine satmak üçin balyk alyp geçene uly jerimeler degişli. Emma çaga eklemek kül-küli bilen ýaşaýan ilat hökümetiň kanunlaryna seredip durmaýar. Olar her ýagdaý tapýarlar hem-de balyklary satmak üçin, uly möçberde welaýatlaryň çägine geçirýärler. Paýtagt şäheriň bazarlaryna ýurduň bäş welaýatyndan-da balyklar gelýär. Ýolda, satmak üçin balyk alyp barýanlary ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tutsa-da, bazarlarda balyk satyp oturan alyp-satarlara hiç zat diýilmeýär. Ýogsa bazarlarda balyk satýanlar sanitariýa-gigiýena düzgünlerini-de berjaý edip baranoklar. Howanyň yssy döwürlerinde-de holodilniksiz, göni bazaryň söwda prilawkasynyň üstünde siňek basyp duran balyklaryň söwdasy edilýär.

Bu zatlaryň şeýle bolmazlygy üçin hem-de balyklar tutulýan bahasy bilen göni halka ýeter ýaly, balyk hojalygynyň işgärleri öz dükanlaryny açmaly hem-de, möçberi az bolsa-da, balyklary halka şol dükanlarda satmaly.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG