Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenistany senagat döwletine öwürmegi wada berýär


Berdimuhamedow Türkmenistany esasan agrar ýurtlugyndan senagat döwletine öwürmegi wada berdi.
Berdimuhamedow Türkmenistany esasan agrar ýurtlugyndan senagat döwletine öwürmegi wada berdi.
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde saýlawlaryň öňýanyndaky programmasy bilen milli telewideniýe boýunça çykyş etdi.

Berdimuhamedow saýlawlaryň öňüsyrasyndaky programmalaýyn çykyşynda ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn üns beriljekdigini, ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin bilimli, täze tehnikalary hem tehnologiýalary ulanyp bilýän kadrlaryň zerurdygyny belledi. Ol Türkmenistany esasan agrar ýurtlugyndan senagat döwletine öwürmegi wada berdi.

Berdimuhamedow Türkmenistanyň örüde bakylýan maldarçylykdan fermerlige geçjekdigini, onuň awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen üpjün ediljekdigini nygtady:

—Biz ekerançylyk pudagyny öslürmek arkaly diňe bir ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny doly üpjün etmän, eýsem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa miwe we gök, bakja önümleriniň daşary ýurtlara köp möçberlerde iberilmegine hem garaşýarys.

Berdimuhamedow ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagyny çalt depginler bilen ösdürmäge uly üns beriljekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol oba hojalygynda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertler döretmegi maksat edinýär:

—Telekeçiligi ösdürmäge ýardam berýän jemgyýetçilik guramasy ýurtda hereket edýär. Şol gurama diňe ýurduň içinde däl, onuň daşynda-da uly abraýa eýe boldy. Ýokary tehnologiýaly, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply hususy telekeçiligiň döremegine ýardam bermegi hem göz öňünde tutýarys.

Berdimuhamedow energetika pudagynda gözleg işlerinden we uly ýataklary ulanmakdan başga-da, daşary bazara “mawy ýangyç” akdyrýan ýollaryň ösdüriljekdigini, nebit-gazy gaýtadan işläp, dürli ýokary hilli önümleri öndürmegiň planlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Syýasy sistema

Berdimuhamedow jemgyýetçilik guramalaryny döwlet gurluşynyň wezipelerini çözmekde möhüm hyzmatdaş hasap edýär:

—Demokratik institutlary ösdürmek ýurdumyzyň jemgyetçilik –syýasy durmuşyna raýatlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhüm bir şerti. Bu bolsa adamlaryň raýatlyk medeniýetiniň kemala gelmegine we ösmegine ýardam etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Jemgyýetçilik ynamy, raýatlaryň işjeňligi, arkalaşykly işlemek, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak diňe bir raýat jemgyýetiň jebisleşmeginiň esasy şertleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem hakyky halk häkimiýetiniň berkarar bolmagynyň zerur şertleri bolup durýar.

Berdimuhammedow öz programmalaýyn beýanatynda türkmen döwletiniň demokratik ösüşiniň täze tapgyrynda saýlawly, ýerli wekilçilikli edaralaryň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliligini artdyrmagyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň, geňeşleriň jemgyýetçilik-syýasy sistemadaky ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini hem belledi.

—Men ýerli häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralarynyň hukuk ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň, döwlete degişli ygtyýarlyklaryň bir bölegini olara bermegiň wagty ýetdi diýip hem hasap edýärin.

Türkmenistanda häzire çenli diňe dolandyryjy partiýa bar we türkmen režiminiň tankytçylary onuň bikanun işleýändigini aýdýarlar. Berdimuhamedow özüniň täze partiýalary döretmegiň we garaşsyz metbugatyň işini talabalaýyk guramagyň tarapynda çykyş edýändigini sözüniň üstüne goşdy:

—Şeýle hem biz ýurdumyzda täze partiýalary döretmek we garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini talabalaýyk guramak ugrunda hem çykyş edýäris. Ýöne halkymyzy jebisleşdirjek, adamlary berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrjak partiýalaryň zerurdygyny hem bellemek isleýäris.

Ol çykyşynda Türkmenistanda adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýulýandygyny, bu işiň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady:

—Şeýle ajaýyp ýurdumyzda şahsyýetiň ähli hukuklary doly berjaý edilýär we geljekde hem üýtgewsiz berjaý ediler.

Berdimuhamedowdan öň Ahal welaýatynda saýlawçylar bilen duşuşyp, öz programmasy bilen çykyş eden Türkmenistanyň prezidentligine kandidat, Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary Rejep Bazarowyň çykyşy telewideniýe arkaly görkezilmän, onuň programmasynyň diňe teswiri berildi.
XS
SM
MD
LG