Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda täze hökümet düzülýär


Türkmenistandaky prezident saýlawlaryndan soň täze hökümet düzülýär.
Türkmenistandaky prezident saýlawlaryndan soň täze hökümet düzülýär.

Türkmen mediasy 21-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynyň Türkmenistandaky prezident saýlawlaryndan soň täze hökümet düzmek meselesine bagyşlanandygyny habar berýär. Bu sapar iki ugur boýunça: oba hojalygyna hem gurluşyk pudaklaryna degişli ýolbaşçylar bellenildi.

Türkmenistanda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň täze hökümet düzmek işi ýakynda bolan maslahatda başlanyp, şonda medeniýet, ylym we bilim, saglygy saklaýyş, sport we turizm boýunça ýolbaşçylar bellenipdi.

21-nji fewraldaky maslahat oba hojalyk pudagyna degişli ýolbaşçylary bellemekden, käbirini wezipeden boşatmakdan başlandy. Berdimuhamedow “Türkmenmallary” birleşiginiň başlygy J. Berkeliýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy. Berdimuhamedow oňa ýüzlenip şeýle diýdi:

—Berkeliýew, siz “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň başlygy wezipesinde işlän döwrüňde köp sanly kemçiliklere ýol berdiňiz. Şonuň üçinem men sizi assosiýasiýanyň başlygy wezipesine tassyklamaýaryn. Siz gidip bilersiňiz.

Şondan soň wezipä bellemek prosedurasy başlandy. Ministrler Kabinetinde oba hojalyggyna ýolbaşçylyk edýän hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine ýakynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýokary wezipä dalaşgär bolan suw-hojalyk ministri Annageldi Ýazmyradow bellendi. Ol bir hepde möhlet içinde öňki eýelän suw-hojalygy ministri wezipesine täze kandidatura hödürlemeli. Täze ýolbaşçylara orunbasarlary tapmaly.

D. Myratberdiýew Ahal welaýat häkimi wezipesinden boşadylyp, “Türkmenmallary” birleşigine başlyklyga, D. Nurmämmedow wise-premýerlikden boşadylyp, Ahal welaýat häkimi wezipesine bellendi. M.Baýramow oba-hojalyk ministri, B. Annabaýramow tebigaty goraýyş ministri, Ç. Çarlyýew “Türkmenobahyzmaty” birleşiginiň başlygy, Ý. Aşyrow “Türkmengallaönümleri” birleşiginiň başlygy, W. Weliýew azyk senagaty birleşiginiň başlygy wezipesine bellendi.

Berdumuhamedow täze ýolbaşçylary gutlap, olaryň öňünde şeýle wezipeler goýdy:

—Ýurdumyzda esasy oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak – bu biziň döwlet strategiýamyzyň esasy wezipeleriniň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek hem möhümdir.

Oba hojalygy pudagyndan soň Berdimuhamedow gurluşyga geçdi. Hökümet başlygynyň gurluşyk boýunça orunbasary D. Orazowa köpýyllyk zähmeti üçin minnetdarlyk bildirip, Berdimuhamedow oňa Abadan şäheriniň gurluşygyny tabşyrdy. Wise-premýerlige A. Ýegeleýew bellenildi.

Ý. Orazgulyýew energetika we senagat ministri, J. Baýramow gurluşyk ministri, B. Italmazow gurluşyk materiallary senagaty ministri, A. Ýagşymämmedow kommunal-hojalyk ministri wezipesine bellenildi. “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine A. Sarybaýew tassyklandy.

Ähli obalarda ýaşaýyş we administratiw jaý gurluşygyny güýçli depginde alyp barmagyň zerurdygyny aýdyp, Türkmenistanyň prezidenti eden çykyşynda iň möhüm wezipeleriň biri hökmünde ýokary hünärli proýektirleýjileri, arhitektorlary taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Ondan soň prezident energetika we senagat ministri Ý. Orazgulyýewe täze elektrik liniýalaryny gurmak, liniýalaryň we transformator stansiýalarynyň durkuny täzelemek, daşary ýurtlara berilýän elektrik toguny artdyrmak ýaly ýumuşlary tabşyrdy.

Berdimuhamedow halkara standartlaryna bap gelýän awtoýollaryň gurluşygynyň geljekde-de dowam etdriljekdigini aýtdy:

—Bu ýollaryň we köprüleriň gurluşygyna diňe bir daşary ýurtlaryň tejribeli ýol-gurluşyk kompaniýalaryny çekmek bilen çäklenmän, eýsem bu işe öz kompaniýalarymyzy, şol sanda hususy kärhanalary hem giňden çekmeli.

Türkmen metbugaty prezident gurluşyk pudagynda ähli proýektleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin daşary ýurt inwestisiýalaryny giňden çekmegiň uly ähmiýete eýedigini belledi diýip ýazýar.
XS
SM
MD
LG