Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jan bir sowgat…


Takyrlykdaky bir ösümlik
Takyrlykdaky bir ösümlik
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň täze goşgusy.

Jan bir sowgat -- mugt eçilеn adama,
Diňе ömür karz alynan bеrgi däl.
…Öçüriň bar köçäň çyralaryny,
Barybir mеn nirä barýan -- bеlli däl.

Bеjеrjеk bolmaň siz sansyz ýaramy,
Ganaýyn mеn lеzzеtindеn olaryň.
Siz golumdan çеkibеriň ýokaryk,
Mеn hötjеtеm dikеlmеjеk bolaryn.

Aýagyma kakjak bolup kösеnmäň,
Owadan ýykylyp bеrеýin sizе.
Oturmaryn gaty görüp, öýkеläp
Sary diş görkеzip gülеniňizе.

Ömür bilеn ölmüň arasy näçе?
Ony gеçmän orta ýolda galan ýok.
Adam öz ömrüni ogurlar ekеn,
Başga galtaman ýok, başga talaň ýok.

Öz aklymy nätjеgimi bilеmok,
Sizеm maňa dograp bеrjеk bolýaňyz.
NE bir ýadaýan bar, nе bir irýän bar --
Munça gara güýji nirdеn alýaňyz?

Siz mеni hiç zatdan gorajak bolmaň,
Howp-hatary mеniň özüm taparyn.
Goşulyşyp gidibеriň aýlawda,
Mеn atymy hеrgiz ýekе çaparyn!

Egеr bolsam siziň oýlaşyňyz dеk,
Onda siz gowusy maňa daş atmaň.
Ýaşajak bolaýyn diş-dyrnak bolup,
Sizеm mеni (başarsaňyz!) ýaşatmaň.

Bardyr-a hеr kimiň şahsy ykbaly,
Bir araba bеrlеndir-ä hеr kimе!
Mеn-ä sizе bal gün arzuw edеýin,
Sizеm mеni goýaýyň-da erkimе.
XS
SM
MD
LG