Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentlik möhlet uzaldylarmy?


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna prezidentlik möhletiniň bäşden ýedi ýyla çenli uzaldylmagyny göz öňünde tutýan maddanyň girizilmegi mümkin.

Türkmen Konstitusiýasynyň degişlilikde 52-nji maddasyna goşmaçalary girizmek baradaky bu teklip penşenbe güni geçirilen Konstitusion Komissiýanyň maslahatynyň dowamynda aýan edildi.

Resmi çäräniň dowamynda Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa Komissiýanyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat bermek bilen birlikde ýurtda häzirki prezidentiň prezidentlik möhletini uzaltmak boýunça – onuň öz sözleri bilen aýdylanda – “ilatdan köp sanly teklipleriň gelip gowuşýandygyny” nygtady.

Şeýle-de maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň prezidentligine saýlanmak üçin Konstitusiýada göz öňünde tutulan 70 ýaş araçagininiň hem ýatyrylmagy barada pikirler orta atyldy.

Konstitusion Komissiýanyň maslahatyna ýolbaşçylyk edýän 57 ýaşly Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde gelip gowuşýan teklipleriň öwrenilmeginiň “zerurdygyny” belledi.

Maslahatyň dowamynda, ýurduň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça “başga-da köp sanly teklipleriň” gelýändigi bellenilse-de, prezidentlik möhletiniň uzaldylmagy bilen bagly tekliplerden tapawutlylykda, olaryň anyk mazmuny resmi habar serişdelerinde aýan edilenok.

Konstitusion Komissiýanyň maslahatynyň netijelerini jemläp, G.Berdimuhamedow ýurduň Baş kanunynyň taslamasy taýýar edilenden soň, ony halk köpçüligine ýetirip, geljek ýyl geçiriljek Ýaşulular maslahatynda hem tassyklamagy teklip etdi.

Häzirki geçirilýän konstitusion reforma geçen ýyl badalga berlipdi. 2014-nji ýylyň maýynda prezident G.Berdimuhamedow “ýurduň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Komissiýany düzmek” baradaky karara gol goýupdy.

1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen türkmen Konstitusiýasynyň soňky reformasy 2008-njy ýylda geçirilipdi. Mundan ozalky üýtgeşmeler bolsa 1995-nji, 1999-njy we 2003-nji ýyllarda geçirilipdi.

Häzirki Konstitusiýa laýyklykda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik möhleti 2017-nji ýylda tamamlanmaly. Ol 2012-nji ýylda ikinji möhlete prezident saýlanypdy.

Ýatladyp geçsek, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazow 1999-njy ýylyň dekabrynda ýurduň kanunçykaryjylary tarapyndan "ömürlik prezident" hökmünde ykrar edilipdi.

XS
SM
MD
LG