Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysmaýilowa: "Men göreşimi dowam etdirýärin”


Derňeýji žurnalist Hatyja Ysmaýilowa.
Derňeýji žurnalist Hatyja Ysmaýilowa.

Türmä dykylan derňeýji žurnalist Hatyja Ysmaýilowa Azerbaýjanda bolýan hukuk bozulmalary boýunça öz iň soňky raportyny Bakuwyň apellýasion sudundaky ses geçirmeýän izolirlenen budkadan daşarky dünýä çykarmagy başardy.

19-njy noýabrda geçen diňlenişikde sudýa Ilgar Murguzowyň özüni dymdyrmak üçin her demde mikrofony ýapmagynyň mümkindigini bilýän Ysmaýilowa iki sözlemi derrew kagyz ýüzüne çyrşap, aýnadan görkezmek bilen, galamynyň güýjüni aýan etdi.

Kagyzda: "Ýekşenbe güni 2-nji blokdaky 63-nji we 64-nji türme kameralarynda saklanýan kämillik ýaşyna ýetmedik tussaglar protest bildirip, gapylary şakyrdadanda ýenjildiler. Olar bikanun suratda bir adamlyk kameralara giçirildiler" diýen ýazgy bardy.

“Şikaýat derňeldi”

7 1/2 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Ysmaýilowa tussaglygynyň 1-nji ýyl dönümi mynasybetli 3-nji dekabrda maşgala agzalary arkaly Azatlyk Radiosyna şu habary ýetirdi: "Men henizem saparda, göreşimi dowam etdirýärin.Tussaghana gelen ilkinji günümde bolşy ýaly henizem gülýärin, degişýärin. Sud proseslerinde özümi utuş gazanan adam ýaly duýýaryn".

19-njy noýabrda geçen sud diňlenişiginde onuň ýazan sözlemine hökümet tarapyndan çalt jogap berilmegi Ysmaýilowanyň galamynyň nähili ýitidigini görkezýär.

Şol gün giçlik Azerbaýjanyň adam hukuklary komissiýasynyň bir wekili onuň ýanyna gelip, şikaýatyny derňemegi wada etdi. Ysmaýilowa ýaşy 18-den aşak bolan tussaglaryň ýeke saklanmagynyň Azerbaýjanyň Ýewropa Geňeşiniň agzasy hökmünde adam hukuklary boýunça öz üstüne alan borçlaryna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baku tarapyndan gol goýlan Çagalaryň hukuklary boýunça konwensiýasyna ters gelýändigini aýtdy.

Ondan iki gün soňra hökümetiň Adam hukuklary komissiýasynyň milli prewensiýa toparynyň başlygy Raşid Rumzadeh Ysmaýilowanyň şikaýatynyň derňelendigini yglan etdi.

Türmeden raport ibermek

Rumzadeh kämillik ýaşyna ýetmedik tussaglaryň tussaghananyň düzgünlerini bozandygyny, şol sebäpden başga türmelere geçirilendigini aýtsa-da, jezalandyrmak üçin olaryň bir adamlyk kameralara geçirilendigini inkär etdi.

Sud prosesinden öň Kurdahanynyň tussaghanasynda saklanan Ysmaýilowa türmede opera ariýalaryny aýdypdyr. Ilki muňa, her gün gaýtalanansoň, türmedäkiler nägilelik bildiripdirler. Ýöne Ysmaýilowa olara özleriniň aýdym aýtmaga hukugynyň bardygyny aýdyp, türmedeşleriniň razylygyny gazanypdyr.

Ysmaýilowa özüniň aýdym aýdýandygyny, sebäbi kanunyň özüne hem beýleki türmedeşlerine bu hukugy berýändigini belleýär. Onuň aýtmagyna görä, möhümi – öz nähili hukuklaryň bardygyny bilmek däl, iň möhümi – şol hukukdan her gün peýdalanmak.

Şular ýaly zatlar Ysmaýilowanyň türmedeşleri tarapyndan hormatlanmagyna sebäp boldy.

Häkimiýetler Hatyjanyň türmeden raport ibermeginiň öňüni bökdemäge synanyşýarlar.

Onuň ýazýan hatlarynyň aglaba köpüsi iberilmän saklanýar. Tussaghananyň işgärleri ençeme gezek onuň türme kamerasyny döküp, kagyza geçiren belliklerini, şol sanda goranmak üçin aklawçylaryna niýetlenen materiallary-da konfiskasiýa etdiler.

Häkimiýetler Ysmaýilowanyň ýazan zatlarynyň bikanun suratda daşary çykarylmazlygy üçin onuň ýanyna gelip gidýän aklawçylaryny we garyndaşlaryny hem her gezekde barlaýarlar.

Hatyja Ysmaýilowa özüne bildirilen aýyplama boýunça şikaýat bilen Azerbaýjanyň Ýokary suduna ýüz tutdy. Ol, eger bu instansiýada apellýasiýasy ret edilse, özüniň Ýewropanyň Strasburgdaky Adam hukuklary boýunça suduna ýüz tutjakdygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG