Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

FH: Metbugat azatlygy soňky on ýylda iň pes derejesine ýetdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp kandidatka metbugaty garalap geldi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp kandidatka metbugaty garalap geldi.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän demokratiýa synçysy “Freedom House” Guramasynyň aýtmagyna görä, dünýä ilatynyň diňe 13%-i erkin metbugatly ýurtlarda ýaşaýar.

Hökümete degişli däl toparyň 28-nji aprelde jemgyýetçilige ýetiren ýyllyk hasabatynda, metbugat erkinliginiň geçen on ýyldan hem gowrak döwrüň içinde 2016-njy ýylda özüniň iň pes derejesine düşendigi aýdylýar.

Munuň sebäbi hem awtoritar ýurtlarda garaşsyz medianyň basylyp ýatyrylmagy we uly demokratik döwletlerde žurnalistlere hem media neşirleriniň görlüp-eşidilmedik derejede ýanalmagy.

“Metbugat erkinligi 2017: Metbugat erkinliginiň garaňky gözýetimi” diýip atlandyrylan raportda, 199 ýurtda we territoriýada metbugat erkinligine baha berlip, olar “erkin”, “ýarym erkin” we “erkin däl” diýen toparlara bölünýär.

“Freedom House” guramasynyň kesgitlemegine görä, erkin metbugat diýlip, syýasy habarlaryň berk we döwletiň medianyň işine garyşmagy minimal, žurnalistleriň howpsuzlygy kepillendirilen, metbugatyň kanun hem ykdysady taýdan basyş astynda bolmadyk media gurşawyna aýdylýar.

Bu kesgitleme boýunça, dünýä ilatynyň 42 %-i “ýarym erkin” metbugatly ýurtlarda, 45 %-i hem medianyň “erkin däl” ýurtlarynda ýaşaýar.

Hasabatda awtoritar ýurtlaryň mediany basyp ýatyrmak işini dowam etdirýändigi ýa bu işi barha ýaýbaňlandyrýandygy, käbir demokratik döwletlerde hem syýasatçylaryň media neşirlerini kanunylykdan çykarmak we syýasy täsirden peýdalanmak bilen berilýän habarlary öz bähbitlerine göre şekillendirmäge synanyşýandygy aýdylýar.

Mysal üçin, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp kandidatka metbugaty garalap geldi. Ol indi prezidentkä hem hökümet işgärlerini aýdýan zatlary we edýän işleri hakda jogapkär edip görkezmekde medianyň roluny inkär edýär.

Hasabatda Trampyň žurnalistleri “galp habarlary” ýaýradýanlar, Amerikanyň milli bähbitlerine dönüklik edýänler diýip, ençeme gezek masgaralandygy, Ak taymyň ýokary derejeli resmileriniň hem žurnalistleri “oppozision partiýa” diýip atlandyrandygy bellenýär.

“Freedom House” demokratiýanyň uly diregi bolan Birleşen Ştatlarda medianyň syýasy ýolbaşçylar tarapynda berk tankytlanmagy daşary ýurtlarda hem şeýle edilmegine ýol açýar diýip duýduryş berýär.

Demokratiýa synçylyk edýän gurama metbugat erkinliginiň Birleşen Ştatlarda goralmagy, bu erkinligiň tutuş dünýäde goralmagy we ýaýbaňlanmagy üçin juda möhüm diýýär.

“Freedom House” toparynyň aýtmagyna görä, Ýewraziýanyň ilatynyň 77 prosenti metbugatyň “erkin däl” ýurtlarynda ýaşaýar.

Gurama öňki Sowet Soýuzynyň Merkezi Aziýa respublikalarynyň bäşisine-de, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Täjigistana we Türkmenistana, şeýle hem öňki Sowet Soýuzynyň kawkaz respublikalary Azerbaýjan bilen Ermenistana “erkin däl” diýip baha berýär.

Guramanyň barlag analizçisi Elen Agekýanyň aýtmagyna görä, Ýewraziýanyň beýlekilere garanda belli bir derejä çenli demokratik hasaplanýan ýurtlarynda-da resmileriň metbugat baradaky tutumy gowy däl.

“Regionyň demokratikräk ýurtlarynda hem resmileriň metbugata garaýşy böwrüňi diňledýär. Ermenistanda howpsuzlyk güýçleri özleriniň metbugata sarpa goýmaýandyklaryny tomusda geçen köpçülikleýin protestlerde görkezdiler. Olar üýşmeleňlerden habar taýýarlaýan žurnalistlere rehimsiz hüjüm etdiler” diýip, Agekýan aýdýar.

Orsýete hem “erkin däl” diýip baha berilýär.

Orsýetde iň soňky garaşsyz media topary “RBC” prezident Wladimir Putiniň maşgala agzalarynyň we egindeşleriniň korrupsiýa işleri barada habar bereninden soňra basyş astyna düşdi diýip, hasabatda aýdylýar.

Bu habary ýaýradanyndan soňra, RBC-niň üç redaktory çalşyrylyp, olaryň ýerine döwlet habar gullugy TASS-yň işgärleri getirildi.

“Freedom House” Ukrainany “ýarym erkin” diýip atlandyrylan ýurtlaryň hataryna goşupdyr. Ukrainanyň Orsýet tarapyndan basylyp alnan Krym regionyna bolsa “erkin däl” diýip baha berilýär.

Hökümetiň işi bilen ylalaşmaýanlaryň berk basylyp ýatyrylýan ýurdy bolan Belarus hem erkin dälleriň arasynda ýerleşýär.

“Freedom House” Owganystanda bolan “oňyn özgerişleri” gutlaýar. Bu ýerde hökümet medianyň ýagdaýyny gowulandyrmaga synanyşdy. Owganystana “ýarym erkin” diýlip baha berlipdir.

“Owganystan soňky wagtlarda girizilen kanuny üýtgetmeler sebäpli gowulandy. Howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlygy žurnalistleriň ýurtda gorkusyz iş alyp barmagyny çäklendirse-de, bu ädim häzirki administrasiýanyň medianyň garaşsyzlygyna ähmiýet berýändigini görkezýär” diýip, Agekýan aýdýar.

Ýöne howpsuzlyk ýagdaýynda gowulanma ýok. 2016-njy ýylyň başlarynda talyban güýçleri hüjüm edip,“ToloTw” telekanalynyň ýedi işgärini öldürdiler.

Dowam edýän gazaply hereketler ýüzlerçe owgan žurnalistiniň ýurdy terk etmegine getirdi. “Freedom House” munuň demokratiýanyň Owganystanda aman galmagyna zyýan ýetirmegi mümkin diýip duýduryş berýär.

XS
SM
MD
LG