Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Mir etrapçasynda hitrowkalylaryň gatnaşmagynda uruş-dawa boldy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Aşgabadyň Mir etrapçasynda şäheriň Hitrowka raýonyndan gelen onlarça adamyň gatnaşmagynda uruş-dawa boldy diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.

Waka şaýat bolanlaryň aýtmagyna görä, mundan bäş gün çemesi ozal agşam sagat 8:30 töweregi azyndan 200 adam şäheriň Nurmuhammet Andalyp köçesiniň demirgazygyndan günortasyna, ýagny Hitrowka raýonyndan, Mir etrapçasyna ala-gopgun edip gelipdir.

“Olaryň köpüsi ýöräp, käbirleri bolsa awtoulagda geldiler. Gelenleriň içgilidigini ýa-da haýsydyr bir neşe serişdelerini ulanandygyny, olaryň edýän gopgunyndan aňsa bolýardy. Olar ‘biz, ynha, hitrowkalylar geldik. Mir etrapçasynda ýaşaýanlar özüňiziň erkekdigiňize ynanýan bolsaňyz, köçä çykyň. Biz size jeza bermäge geldik” diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrdylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran Mir-3 etrapçasynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, 16 bilen 25 ýaş aralygyndadygy çaklanylýan ýaş adamlaryň ala-gopgun edip gelýänini gören Mir etrapçasyndaky ýaşaýjylaryň aglabasy öýlerine girmek bilen bolupdyrlar. Ýöne Hitrowkadan gelenler şol köçeden geçip barýan käbir adamlary, ýaşyna seretmezden urup-ýenjipdirler.

“Hitrowkadan gelenleriň urup-ýenjen adamlarynyň arasynda, olaryň iki esse ýaşyny ýaşanlar, ýagny 40-50 ýaşly adamlar we 20-25 ýaşa ýeternler hem bardy. Olar hiç zat diýmän, öňünden çykany gyzyl ýumrugyň astyna alyp, ýere ýykylandan soňra-da, olary depelediler. Mundanam başga, olar üç-dört bolup, duş gelen maşynlarynyň üstüne çykyp, ulaglaryň ýokarky bölegi aşak çökýänçä üstünde bökdüler. Onlarça awtoulag zaýalanyp, hatardan çykdy. Bular Andalyp köçesiniň Ýunus Emre köçesi bilen çatrygyndan, ‘10 ýyl abadançylyk’ köçesiniň çatrygy aralygynda boldy. Bu iki aralygyň uzynlygy ortaça 300 metre barabar” diýip, waka şaýat bolan Mir-3 etrapçasynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Aýdylmagyna görä, uruş-galmagal ortaça ýarym sagat dowam etse-de, Hitrowkadan gelenler tä yzyna gaýdýança, wakanyň bolan ýerine ýekejede polisiýa işgäri gelmändir. Ýerli ýaşaýjylar, ýogsam bolmasa, wakanyň bolan ýerinden ortaça 250 metr uzaklykda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap polisiýa departamentiniň Mir-4 etrapçasyndaky şahamçasynyň ýerleşýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, gopgun sowlandan soň, wakanyň bolan ýerine anyk sany belle bolmadyk ençeme polisiýa we Tiz kömek ulagy gelipdir. Bu wakada ençeme adamyň agyr ýaralanandygy barada maglumatlar bar.

Hitrowkalylaryň näme sebäpden Mir etrapçasyna gelip, şeýle goh-galmagal turuzandygy barada häzirlikçe anyk maglumat ýok. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hem bu uruş-dawa, wakanyň bolan ýerine polisiýanyň giç gelmegi we onuň sebäpleri barada kelam agyz söz aýtmaýarlar.

Azatlyk Radiosy bu barada maglumat almak üçin, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap polisiýa departamenti we onuň Mir-4 etrapçasyndaky şahamçasy bilen habarlaşanda, kommentariý almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbiriniň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş uruş-dawa Aşgabadyň käbir etrapçalarynyň arasyndaky ýaşlaryň arasynda mundan öň hem bolýan ekeni. Emma şular ýaly uly göwrümdäkisi soňky 10 ýylda ilkinji gezek bolupdyr.

Aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň aýtmagyna görä, şeýle uruş-dawalaryň döremegine köplenç bir etrapçanyň ýaşlary bilen beýleki etrapçanyň birnäçe ýaşlarynyň arasynda bolan düşünişmezlikler ýa-da olaryň birek-biregini kemsitmegi sebäp bolýar.

Mundanam başga, şuňa meňzeş uly göwrümli çaknyşyklaryň ýene biri mundan üç hepde çemesi öň Aşgabadyň golaýyndaky Çoganly şäherçesinde welaýatlardan gelip işleýän içerki migrantlaryň arasynda bolupdy. Munuň netijesinde daşoguzly we maryly işçileriň azyndan 200 sanysy gyzyl ýumruga girişipdi.

Hitrowka sebiti Aşgabat şäheriniň iň gadymy etrapçalarynyň biri bolup, bu ýerde, resmi taýdan tassyklanmasa-da, azyndan 300 müň adamyň ýaşaýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG