Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ançesçi: ‘Türk akymy’ bolsun ýa bolmasyn, ‘Trans-Hazary’ durmuşa geçirmek kyn


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Russiýanyň gazyny Türkiýä we ondan soň Ýewropa akdyrmak üçin niýetlenen “Türk akymy” gaz geçirijisiniň gurluşygy amala aşyrylsyn ýa-da aşyrylmasyn, “Trans-Hazar” gaz geçirijisini durmuşa geçirmek örän kyn diýip, Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti aýdýar.

Ýöne şonuň bilen birlikde mundan öň ekspert Luka Ançesçi “Trend.az” neşirine beren maglumatynda “Türk akymynyň” gurluşygy amala aşyrylanda, munuň “Trans-Hazar” gaz geçirijisini gurmak perspektiwalaryna ýaramaz täsir ýetirjekdigini belläpdi.

Ýatladyp geçsek, “Tans-Hazar” gaz geçirijisini Hazar deňziniň astyndan geçiriljek turbalar arkaly Türkmenistandan Azerbaýjana çenli çekmek göz öňünde tutulýardy. Bu gaz geçiriji her ýylda 30 milliard kub metr türkmen gazyny Ýewropa akdyrar diýlip çaklanýar. Munuň netijesinde, Ýewropa Bileleşiginiň Russiýanyň gazyna bolan garaşlylygynyň azaljakdygy aýdylýar.

Ekspert Luka Ançesçi 19-njy maýda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda “Türk akymynyň” guruljagyna şübheli garaýandygyny aýdyp, “ýöne bular ýaly proýekt irde-giçde gurulsa, onda bu türkmen gazynyň Ýewropa aşmagyny has-da çylşyrymlaşdyrar” diýdi.

Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Luka Ançesçi.
Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Luka Ançesçi.

Ekspert uly infrastruktura proýektleriň wadalary, umytlary we bähbit perspektiwalaryny öz ýany bilen getirýändigini aýdyp, bu barada yzygiderli gürrüň edilmeginiň sebäbini “syýasy oýun” diýip düşündirdi.

“Ýewraziýa gaz geçirijisi barada aýdanymyzda, gürrüňleriň aglabasynyň wirtualdygyny görýäris. Ýöne TOPH, Tans-Hazar ýa-da Nabukko, umuman, bular ýaly uly infrastruktura proýektleri wadalary, umytlary we bähbit perspektiwalaryny öz ýany bilen getirýär. Şol sebäpden meniň pikirimçe, bularyň ählisi syýasatçylaryň oýnunyň bir bölegi. Ýöne biz şu wagta çenli Ýewroaziýada gaz geçiriji gurmagy başaran ýeke-täk ýurduň Hytaýdygyny görýäris” diýip, ekspert belleýär.

Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetine ýakyn çeşmeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem “Türk akymy” gaz geçiriji proýektine goşulmaga, bu babatda onuň türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň goldawyny almaga synanyşýandygyny habar berýärler.

Ançesçi Berdimuhamedowyň bu isleginiň näderejede hakykata laýykdygy barada berlen soraga munuň “birnäçe sebäpler” zerarly real däldigini aýtdy.

“Birinjisi, Türkmenistan häzirki wagt ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Şol sebäpli ýurda nagt pul getirmek üçin, Türkmenistan hakykatdan hem gysga, kiçi proýektlere üns bermeli. Ikinjiden, Türkmenistanyň geografik taýdan ýerleşişi, onuň “Türk akymyna” goşulmagyny örän çäklendirýär. Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar hem o diýen öwerlikli däl. Şol sebäpli gaz geçirijini gurjak ýurduň tarapynda bolmasaň, ‘men gaz geçiriji gurjak bolýan” diýip bilmeýärsiň. Men bu pikiriň Türkmenistanyň syýasy geçmişini hem şöhlelendirmeýändigini pikir edýärin” diýip, Ançesçi belledi.

Ol türkmen prezidentiniň bu isleginiň ýurtdaky ykdysady kynçylyklar bilen bagly çäresizligini görkezýändigini, ýöne munuň üçin çözgüdi başga pudaklardan gözlemelidigini sözüniň üstüne goşdy.

“Haçan-da ýurduň ykdysadyýeti monoresursa, ýagny ýeke ugra bagly bolsa we şol resursyň eksporty ol ýa-da beýleki sebäplere görä, ýeterlik girdeji getirmeýän bolsa, şonda ykdysadyýetiň çökýändigine göz ýetirýärsiň we meseläni çözmäge synanyşýarsyň. Ýöne Türkmenistan problemanyň çözgüdini şol bir zatdan gözleýär. Problemanyň döremegine sebäp bolan zat, onuň çözgüdi bolup bilmez” diýip, ekspert belleýär.

Ýatladyp geçsek, “Türk akymy” gaz geçirijisiniň deňizden geçýän böleginiň gurluşygyna şu ýylyň maý aýynyň başynda başlandy. 7-nji maýda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller “Gara deňziň kenaryndan “Türk akymy” gaz geçirijisiniň ilkinji turbalary ýerleşdirilip başlandy” diýdi. Şonda ol bu gaz geçiriniň gurluşygynyň 2019-njy ýylda tamamlanjakdygyny hem belläpdi.

XS
SM
MD
LG