Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymgulynyň Daşkentdäki barelýefinden ‘çüri telpek’ aýrylyp, ‘selle’ oturdylar


Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky (çepde) we Daşkentdäki heýkelleri.
Magtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky (çepde) we Daşkentdäki heýkelleri.

Özbegistanyň prezidentiniň Türkmenistana saparynyň öň ýanynda, Daşkentde Magtymguly Pyragynyň barelýef heýkeliniň açylyş dabarasy boldy. Magtymguly köçesindäki bu heýkel resmi Aşgabat tarapyndan tassyklanan kanonik portretden tapawutly bolany sebäpli türkmen diplomatlarynyň ünsüni özüne çekdi.

18-nji maýda Daşkentde uly dabara bilen açylan heýkelde Magtymguly Pyragynyň sowet döwründe, ýagny geçen asyryň 50-nji ýyllarynda çap edilen kitaplardaky ýaly suraty şekillendirilipdir.

Açylyş dabarasyna gatnaşan we adynyň aýdylmazlygyny soran hudožnigiň aýtmagyna görä, Magtymgulynyň heýkeli, Türkmenistanda kabul edilen nusgadaky ýaly, kellesi selleli görnüşde däl-de, baganadan tikilen çüri telpekli bolany üçin, türkmen diplomatlarynyň nägilelik bildirmegine sebäp bolupdyr.

Bu nägilelik, netijede, heýkeliň çalşyrylmagyna getirdi. Hudožnik heýkeliň eskizi barada resmi Aşgabat bilen öňünden ylalaşylmandygy sebäpli şeýle düşünişmezlik döredi.

“Bu heýkel 1947-nji ýylda sowet şablony üçin kabul edilen we türkmen hudožnigi Aýhan Hajyýew tarapyndan çekilen surat esasynda taýýarlanyldy. Ýöne 2000-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aýhan Hajyýewiň çeken suratyny tankyt edip, Magtymgulynyň suratynyň täze wariantyny döretmegi tabşyrypdy. Nyýazowyň sözlerine görä, Magtymgulynyň kellesi baganadan tikilen çüri telpekli öňki suraty bir garyp çopana meňzeýär. Şondan soň, Magtymgulynyň kellesi selleli suraty ýa-da heýkeli ýurt derejesinde kabul edildi. Magtymgulynyň Aşgabatdaky ähli heýkellerinden telpek aýrylyp, deregine selle geýdirildi. Bu heýkeli taýýarlan özbek heýkeltaraşy Žaswand Annazarowning mundan habary ýok eken” diýip, hudožnik aýtdy.

Ol Magtymgulunyň kellesi “selleli” görnüşdäki heýkelini ýasamak barada ýaş özbek heýkeltaraşyna gaýtadan buýurma berlendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Heýkeltaraş gaýtadan gazanç edýär. Daşkentdäki diplomatlar we biznesmenler heýkeliň täze görnüşini maliýeleşdirýärler. Bu meseläni hiç hili goh-galmagalsyz, asuda çözmekçi bolýarlar” diýip, Magtymgulynyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşan hudožnik aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda maglumat almak üçin, Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasy bilen habarlaşanda, bu barada haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

Türkmen hudožnigi Mommak Kulyýew.
Türkmen hudožnigi Mommak Kulyýew.

Daşkentde meşhur türkmen şahyrynyň adynyň köçä dakylmagyny we şol köçede heýkeliniň açylmagyny gowy garşy alan türkmen suratkeşi Mommak Kulyýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “Magtymgulynyň kellesi telpeklimi ýa selleli bolmalydygy hakynda hiç hili dawa bolup bilmez" diýdi.

“Ol telpeklimi ýa selleli bolmaly? Bu hakynda hiç hili dawa bolup bilmez. Sebäbi beýik hudožnigimiz Aýhan Hajyýew ony çürräk telpekli edip çekdi. Ol gaty beýik portret, gaty beýik iş. Ýöne şol döwürde-de selleli bolmalymy ýa telpekli bolmaly diýen gürrüňler bardy. Türkmen telpekli däl, çürräk telpekli. Ýöne näme diýseňem, ol kanoniki portret. Şonuň üçin ony üýtgetmek birhili. Ýöne Magtymgulyny gören adam şu döwürde ýaşanok. Şonuň üçin ony selleli etseňem bolar, telpekli etseňem. Sebäbi Magtymguly ruhany adam bolupdyr” diýip, türkmen hudožnigi Mommak Kulyýew aýtdy.

18-nji maý Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýlip yglan edildi. Bu günde, 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edilipdi.

Magtymguly Pyragynyň Daşkentdäki barelýef heýkeliniň açylyş dabarasyna Özbegistanyň medeniýet ministri Mahmud Muradow, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy we Özbegistanyň halk şahyry Muhammad Ali, Daşkendiň Alyşir Nowaýy adyndaky özbek dili we edebiýaty Döwlet uniwersitetiniň wekilleri, Türkmen medeniýet merkeziniň başlygynyň orunbasary Bibisara Rejepowa, medeniýet merkezleriniň wekilleri, diplomatlar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.

Bu aralykda, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň simwolyna öwrüljek “Aşgabat” atly seýilgähiň dörediljekdigini aýtdy.

Ol bu barada 19-20-nji maý aralygynda Türkmenbaşa eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşan mahaly mälim etdi.

Magtymguly Pyragynyň şanly senesi Özbegistanda hem giň gerimde bellenilip geçilip, onuň hormatyna Magtymguly adyndaky köçäniň we ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Şu köçede hem “Aşgabat” seýilgähi gurlar diýip, Mirziýoýew aýtdy.

Soňky 25 ýylyň dowamynda Özbegistanda Magtymgulynyň kitaplary özbek dilinde sekiz gezek çapdan çykdy. Mirziýoýew şu ýylyň mart aýynda Türkmenistana eden saparynyň dowamynda, şol kitaplaryň iň soňkusyny, ýagny 2017-nji ýylda çap edilen kitaby türkmen prezidentine sowgat berdi.

XS
SM
MD
LG