Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM: Mançester bombaçysynyň ýeke bolmazlygy mümkin


Britaniýanyň içeri işler ministri Amber Rudd
Britaniýanyň içeri işler ministri Amber Rudd

Britan häkimiýetleri Mançesterdäki konserte edilen we 22 adamy, şol sanda çagalary öldüren hüjümiň birden kän adamyň işi bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar, polisiýa bu iş bilen baglylykda ýene üç sany güman edilýäni tussag etdi.

"Bu biziň ozal gören käbir hüjümlerimizden has çylşyrymly we ol bu işi ähtimal özbaşyna etmedige meňzeýär” diýip, Britaniýanyň içeri işler ministri Amber Rudd 24-nji maýda BBC radiosyna aýtdy.

Şeýle-de Rudd Britaniýada doglanbombaçynyň, britan polisiýasynyň kesgitlemesine görä 22 ýaşly Salman Abediniňgolaýda Liwiýadan dolanyp gelendigini aýtdy. Abedi Liwiýa asylly eken.

"Hawa, men munuň tassyklanandygyna ynanýaryn. Haçanda bu operasiýa tamam bolanda, biz onuň gelip çykyşyna, näme bolandygyna we onuň nähili ýagdaýda radikallaşandygyna, oňagoldaw berilmek ähtimallygyna hem seretmek isleýäris" diýip, ol aýtdy.

Fransiýanyň içeri işler ministri Gerard KollombAbediniň Siriýa hem syýahat eden diýip bilinýändigini, onuň “Yslam döwleti” ekstremist topary bilen “barlanan” baglanyşyklarynyň bolandygyny aýtdy.

Şu aralykda Mançester polisiýasy 24-nji maýda bu partlama bilen baglylykda üç sany şübhelini tussag edendigini aýtdy.

"Alnyp barylýan derňew bilen baglylykda günorta Mançesterde ýene üç adam tussag astyna alyndy” diýip, polisiýanyň sözçüsi aýtdy.

Mundan bir gün ozal 23 ýaşly bir adam tussag edildi we birnäçe öý döküldi.

YD 22-nji maýdaky hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we onuň “Haç göterijileri” nyşana alandygyny hem-de “halyfatyň esgerleriniň biri” tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy.

Rudd özüniň “Yslam döwleti” toparynyň hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne almasynageň galmaýandygyny, emma häzirlikçe ekstremist toparyň bu hüjümdäki aktiw ugrukdyrmasyny tassyklaýanmaglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Premýer-ministr Tereze Meý 23-nji maýda başlangyç derňewleriň “bu hüjüme äsgermezlik edip bolmajak derejede has giň toparyň şahslarynyň goşulmak ähtimallygyny açandygyny” aýtdy.

Britaniýanyň milli terror wehimi 23-nji maý güni giçlik “aýgytly” diýen derejä galdyryldy, bu şu ýakyn aralykda ýene bir hüjümiň bolmagy mümkin diýmegi aňladýar.

Rudd amerikan aýdymçysy Ariande Grandeýiň konsertinde guralan partlamadan soň britaniýanyň köçelerinde 3,800-e çenli harby işgäriň ýerleşdiriljekdigini aýtdy.

London polisiýasy 24-nji maýda özleriniň esasy ýerleri, şol sandaBuckingham köşgüni, Parlament binasyny we daşary ýurt ilçihanalaryny goramak üçin goşuny kömege çagyrandygyny aýtdy.

Britan goşunlary köçelere soňky gezek 2007-nji ýylda bolan uçar dildüwşüginden soň çykarylypdy.

Bu hüjüm Britaniýada 2005-nji ýylyň 7-nji iýulynda, dört sany janyndan geçen bombaçy adamyň kän wagty Londanyň transport sistemasyna hüjüm edip, 52 adamy öldüreli bäri iň ganly hüjüm boldy.

Häkimiýetler 22-nji maýdaky hüjümde wepat bolan pidalaryň bäşisiniň adyny aýtdylar. Bu hüjüm hususan-da çagalaryň nyşana alynmagy sebäpli kän halkara ýazgaryşyny döretdi.

Pidalaryň arasynda sekiz ýaşly Saffie Rose Roussos; 15 ýaşly Olivia Campbell; 28 ýaşly John Atkinson; 18 ýaly diýip çaklanýan Georgina Callander we Kelly Brewster dagy bar.

Pidalaryň arasynda Britaniýada ýaşaýan polýak jübüdi hem bar.

Britaniýanyň saglygy saklaýyş resmisi 24-nji maýda 20 çemesi adamyň agyr ýagdaýda galýandygyny aýtdy.

"Biz häzir 64 adamy bejerýäris... olaryň 20 çemesi has agyr ýagdaýdakylaryň bölüminde saklanýar” diýip, uly derejeli saglyk resmisi Jon Rouse Sky Newse aýtdy.

23-nji maý güni giçlik Mançesteriň merkezindäkiAlbert skwerine, ýene bir hüjüm bolmak ähtimallygyna garamazdan, ölenleriň hatyrasyny tutmak üçin müňlerçe adam toplandy.

"Mançesteriň we Britaniýanyň ruhy gutaran terrorçylaryň hassa dildüwşüklerinden has kuwwatldyry” diýip, Meý Londanda, 23-nji maýda aýtdy. “Şu sebäpden terrorçylar hiç wagt ýeňmez, biz üstün çykarys” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG