Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aýlyklaryň berilmezligi tomusky dynç alşymyzy bökdeýär”


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýyly tamamlanyp, tomusky dynç alyş möwsümi başlanan mahaly, mugallymlaryň ençemesi aýlyk haklarynyň indi iki aý bäri berilmeýändiginden şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri bilen habarlaşan paýtagtyň 47-nji, 48-nji, 55-nji mekdepleriniň we Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar etraplaryndaky mekdep mugallymlary mart we aprel aýlary üçin, zähmet haklarynyň haçan beriljekdigi barada, degişli ýolbaşçylar tarapyndan henize çenli hiç bir anyk maglumatyň ýokdugyndan, bu ýagdaýyň özleriniň tomusky dynç alyşlaryna ýaramaz täsir ýetirýändiginden şikaýat edýärler.

“Mugallymlara zähmet rugsadyna gidýändikleri üçin, olara aýlyklaryň haçan tölenjegini hiç kim bilenok. Mugallymlaram ‘biz zähmet rugsady üçin tölenmeli zähmet hakymyza garaşmaga-da taýyn welin, ýöne biz indi iki aý bäri aýlyksyz gezip ýörüs. Üstesine-de, çagalarymyzam tomusky dynç alşyna çykdylar. Bularyňam dynç alşyny ýola goýmagymyz üçin, maliýe taýdan üpjünçiligimiz gaty erbet’ diýip zeýrenýärler. Ýene olar ‘okuw ýylyny sag-aman sowduk. Bizde-de medisina tölegli, dynç alyş döwründe saglygymyza seretdirjek ýa-da şypahanalara gidip, 10 gün dynç alaly diýsek, ýene-de aýlyk-günlügiň wagtynda berilmeýändigi bize aýakbag bolup dur’ diýip, köp sanly mugallymlar zeýrenýärler” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew mugallymlara salgylanyp aýtdy.

Şonuň bilen birlikde, mugallymlaryň ençemesi aýlyklarynyň berilmeýän, berlen halatynda-da, plastik kartlaryna ýüklenýän wagty, özleriniň nagt görnüşinde amal etmeli tölegleriniň köpelýändiginden nägile bolýarlar.

Mysal üçin, mundan ozal mugallymlar her alty aýda bir gezek ýurduň gazet-žurnallaryna abuna ýazylan mahaly, onuň tölegi aýlyklaryndan saklanyp alnan bolsa, häzir bu tölegleri degişli poçta merkezlerine nagt görnüşinde tabşyrmak talap edilýär.

Şeýle-de, mugallymlaryň mekdepleriň remonty, ýagny abatlaýyş işleri we köpçülikleýin çäreleri üçin edilýän çykdajylaryň belli bir bölegini hem öz jübülerinden nagt görnüşinde tabşyrmalydygy aýdylýar.

Mundanam başga, käbir mugallymlardan şu ýylyň sentýabr aýynda, Aşgabatda geçiriljek “Aziada-2017” halkara sport ýaryşy üçin, goşmaça gatanç etmeklik talap edilýändigi barada maglumatlar bar.

Türkmenistanda şu ýylyň başyndan başlap, döwlet býujetinden aýlyk alýan raýatlaryň zähmet haklary 10% ýokarlandyrylsa-da, harytlaryň bahasy ortaça 50%, demirýol biletleriniň bahasy 100%, uçar biletleriniň nyrhy ortaça 20% gymmatlady.

Mugallymlaryň ençemesi ýurtda aýlyklaryň her ýyl 10% ýokarlandyrylýan mahaly, beýleki ýaşaýyş hyzmatlarynyň tas iki esse gymmatlaýandygy üçin, durmuşlarynda oňynlyga tarap özgerişligiň ýokdugyny aýdýarlar.

Bu aralykda, Aşgabatda dollaryň resmi kursy 3 manat 50 teňňe möçberinde saklanyp galýan mahaly, onuň “gara bazardaky” nyrhy soňky alty aýyň dowamynda iň pes derejesine ýetdi. Mundan iki gün ozal 1 amerikan dollary ortaça 7 manatdan satylan bolsa, häzir ony 5 manat 80 teňňeden satyn alyp bolýar.

Paýtagtyň “Mir” bazarynyň töwereginde dollaryň “gara bazardaky” söwdasyny edýän käbir söwdagärler munuň sebäplerini dollara bolan talabyň azlygy, ilatda daşary ýurt walýutasyny satyn almak üçin nagt puluň ýoklugy bilen düşündirýärler.

“Olar [dollar söwdagärleri] ‘bizem dollary öňki ýaly ýüzugruna satyn alyp bilemizok. Sebäbi aýlanyşykda nagt pul ýok. Bize-de müşderilerden nagt pul gelenok. Şonuň üçin dollar söwdasy öz-özünden peselip barýar’ diýip, muny aýlyklaryň berilmeýändigi, adamlaryň elindäki nagt puluň juda çäklidigi bilen düşündirýärler” diýip, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew dollar söwdagärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda döwlet işgärleriniň aýlyklarynyň wagtynda berilmezligi bilen baglanyşykly ýagdaý indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Käbir ekspertler dünýäde energiýa bahalarynyň aşaklamagy bilen Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini we Aziýa oýunlarynyň geçiriljek döwrüniň ýurtda ykdysady çöküş howpunyň abanýan pursadyna gabat gelýändigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri käbir beýleki döwlet işgärleri bilen bir hatarda, mugallymlara aýlyklaryň wagtynda berilmezligi we onuň sebäpleri, şeýle-de, dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň pese gaçmagy barada ilat köpçüligine maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.

XS
SM
MD
LG